26.07.2021
7011
Gök we bakja ekinleriniň ýygymy gyzgalaňly dowam edýär
Ýurduň demirgazygynda gök we bakja ekinleriniň ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. S.A. Nyýazow adyndaky etrapda gowy netijeler gazanyldy, bu ýerde häzire çenli 321 tonna düýp sogan, 884 tonna pomidor, 818 tonna käşir ýygnaldy. Hyýar ýygmak boýunça tabşyryk ýerine ýetirildi, ýakyn günlerde kelem taýýarlamak boýunça hem ýyllyk tabşyrygy amal ediler.
26.07.2021
7318
Watana hyzmat etmek üçin doglan
Ýurdumyzyň sport taryhynda Marat Nyýazowdan beter rowaýata öwrülen şahsy tapmak kyn bolsa gerek. Ol ýarym asyrdan gowrak mundan öň, 1960-njy ýylda Rimde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda tüpeň atmak boýunça ýaryşda kümüş medal gazanmak bilen, türkmen türgenlerinden ilkinji bolup, dünýäniň her bir türgeni üçin iň arzyly sekä ýol açypdy.
25.07.2021
6125
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
25.07.2021
6827
Türkmen wekiliýeti Tokioda möhüm duşuşyklary geçirdi hem-de Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň amala aşyran saparynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.
25.07.2021
4411
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar
Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna mukaddes Gurban baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollamagy özüme uly mertebe hasaplaýaryn.
25.07.2021
5816
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowinde we Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Maharaştra ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary we süýşgünler zerarly gynanç hatlaryny iberdi.
25.07.2021
7929
Kuban şäheriniň portlaryndan türkmen garpyzlary Russiýa eltildi
Krasnodar ülkesiniň geçiriş nokatlarynyň üsti bilen Russiýa Türkmenistandan 23,2 tonna garpyz eltildi diýip, Rosselhoznadzoryň sebitara Günorta müdirliginiň metbugat gullugy habar berýär.
25.07.2021
4248
«Mizemez Gadam»: taslamadan – ulanylyşa berilýänçä
Lebap welaýatynyň «Mizemez Gadam» hususy kärhanasy izolýasiýa gurluşyk serişdelerini eksport edijä öwrüldi. Kärhanada ugurdaş edaralaryň aýratyn isleg bildirýän rulon görnüşli suw geçirmeýän «izogam» üçek örtügi serişdesiniň, bitum sakgyjynyň, bitum emulsiýasynyň, gury gurluşyk laýynyň önümçiligini özleşdirdiler. Bu kärhana GDA ýurtlaryna we Owganystana ugratmak üçin dürli görnüşli bitum membranalaryny hödürleýär.
25.07.2021
6217
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistan bilen işleşjek Hökümetara Komissiýanyň düzümini tassyklady
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew anna güni buýruklara gol çekdi we Türkmenistan bilen ykdysady hem ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara komissiýasynyň Azerbaýjan böleginiň düzümini tassyklady, – diýip, Azerbaýjanyň köpçüliklerýin habar beriş serişdeleri habar berýärler.
25.07.2021
5134
Türkmenistanlylar GDA ýurtlarynyň mekdep sport festiwalyna gatnaşmaga çagyrylýarlar
11 – 15-nji sentýabr aralygynda Ulýanowsk oblastynda (Russiýa) GDA agza ýurtlaryň Halkara mekdep sport festiwaly geçiriler. Onda, däp boýunça, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzstanyň, Belarus Respublikasynyň, Moldowanyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň we Russiýanyň toparlary kiçi futbol, basketbol, woleýbol, stol tennisi, badminton we küşt ýaly sport oýunlarynda öz başarnyklaryny görkezýärler. Medeni we aň-bilim maksatnamasy festiwalyň möhüm bölegi bolmak bilen, oňa gatnaşýanlar sebit ýaşaýjylarynyň milli däpleri bilen tanşarlar, sebitiň gözel ýerlerine we muzeýlerine gezelenç ederler, şeýle hem görnükli türgenlerden ussatlyk sapaklaryny alarlar.