20.05.2021
3570
Ýurduň demirgazygyndaky Gubadag etrabynda haly kärhanasynyň gurluşygy tamamlanýar
Gubadag etrabynyň dolandyryş mekezinde “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Daşoguz şäherindäki çeper halyçylyk kärhanasynyň buýurmagynda gurulýan täze kärhanasy önümçilikde zähmeti goramaga we howpsuzlygy üpjün etmäge bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýär.
19.05.2021
2708
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
19.05.2021
3420
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Şu gün Medeniýet ministrliginde Aşgabady “Dizaýn” ugry babatda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna goşmak boýunça iş wideomaslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili hem gatnaşdy.
19.05.2021
4161
Adam hukuklary boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmek ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” ýerine ýetirilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi.
19.05.2021
7946
Aşgabatda uly tennis boýunça ýaryş geçirilýär
Köpugurly “Aşgabat” stadionynyň tennis meýdançalarynda uly tennis boýunça ýurduň çempionaty başlandy we ol Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanýar.
19.05.2021
5963
Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen talyp bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
Türkmeistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (HYYÖU) tarapyndan ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen iki tapgyrdan ybarat döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlendi.
19.05.2021
3409
Marynyň “Ýeňiz” tikin fabrigi önümleriniň üçden birini täzeledi
Ýurduň erkek we çaga köýnegini öndürýän iň uly kärhanasynyň taýýarlaýan önümleriniň görnüşleriniň hataryna, tomus möwsümine gabatlap, ýene 30 sany täze biçüwdäki ýeňil köýnekler goşuldy.
19.05.2021
4973
Gresiýa Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar
Gresiýa Türkmenistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär, ol ikitaraplaýyn söwdany diwersifikasiýalaşdyrmagyň we maýa goýum gatnaşyklaryny berkitmegiň täze ýollaryny öwrenmegi dowam etdirer. Bu barada Trend habarlar agentligi Gresiýanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berýär.
19.05.2021
5837
Metýu Braýza - «Dostluk» ýatagy boýunça ylalaşyk türkmen gazynyň Günbatara eksport edilmegine mümkinçilik döreder
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» nebit-gaz ýatagy babatda ylalaşygyň gazanylmagy türkmen gazynyň Günbatara iberilmegine mümkinçilik döredýär. Bu barada Amerikanyň Azerbaýjandaky ozalky ilçisi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa işleri boýunça kömekçisiniň ozalky orunbasary Metýu Braýza Report azerbaýjan saýtynyň soraglaryna beren jogabynda aýtdy.
18.05.2021
6961
Watanymyzyň döwlet nyşanlarynyň hormatyna sungat ussatlarynyň konserti
Şu gün “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.