21.12.2023
14413
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan saýlap alan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär.
21.12.2023
7103
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.H.Baýramow hakynda
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Awstraliýa Arkalaşygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tokio şäheri) wezipesine bellemeli.
21.12.2023
6588
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan çäreleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ýokary derejede we guramaçylykly jemlemek hem-de şu ýylda ýurdumyzyň ýaşlarynyň bilimde, ylymda, sportda, medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda gazanan üstünliklerini giňden açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
21.12.2023
6747
Türkmenistanda täze ýylyň öňýanynda söwdalar gyzgalaňly barýar
Täze 2024-nji ýylyň gelmegine bary-ýogy 10 gün galdy. Häzir tutuş ýurdumyz boýunça täze ýylyň öňýanyndaky söwdalar gyzgalaňly häsiýetde barýar.
21.12.2023
7261
Türkiýede “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary astynda dabaraly çäreler geçirildi
2023-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.
21.12.2023
7563
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen energetika we ulag boýunça kararnamalary kabul etdi
BMG-niň Baş Assambleýasy 78-nji mejlisiň 49-njy umumy mejlisinde biragyzdan Türkmenistanyň başlangyjy bilen iki sany – energetika we ulag boýunça kararnamalary kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
21.12.2023
7482
Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Döwlet çeperçilik akademiýasynda Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň sergisini geçirýär
Ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» şygary astynda geçýän şu ýylyň dowamynda Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy kitap okamagyň wagzyna we ýaş nesliň arasynda edebi bilimleri ýokarlandyrmaga gönükdirilen dürli çäreleri geçirýär.
21.12.2023
9450
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: III möwsümiň 4-nji oýnunyň netijeleri
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýöriteleşdirilen hünär ugruna degişli «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III saýlama tapgyrynyň dördünji bäsleşigi geçirildi.
21.12.2023
9848
Türkmenistanyň ýaş figuralaýyn typyjylary buz üstünde Täze ýyl çykyşyny görkezdiler
Figuralaýyn typmagyň körpeje ýyldyzjyklary buzly meýdançada biri-birlerini yzygiderli çalşyp, tomaşaçylaryň içini gysdyrmady, olara baýramçylyk çykyşlary bilen uly joşgun paýladylar. Tomaşaçylary şadyýan Aýazbaba hem ruhlandyrýar. Tamamlanyp barýan ýylyň nyşany bolan towşanyň hem-de ýetip gelýän ýylyň nyşany – balygyň bilelikdäki tansy maksatnamanyň esasy özeni boldy.
21.12.2023
5786
Daşoguzly energetikaçylaryň üstünligi
Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy ýylyň başyndan bäri bir milliard iki ýüz otuz million kilowatt sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürdi.