08.12.2023
6383
Türkmenistanda lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirilýär
Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty öz işine başlady. Iki günläp dowam edýän wekilçilikli forum şu ýylyň mart aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça guralýar.
08.12.2023
5906
Türkmenistanyň DIM-de türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Awstriýanyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Tomas Şuller-Gotsburg we Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi.
08.12.2023
7738
«Altyn Asyr» söwda merkezi Täze ýyla dokma önümlerinden sowgatlaryň giň görnüşini teklip edýär
Dokma önümleri kärdeşler, dost-ýarlar we dogan-garyndaşlar üçin iň gowy, amatly Täze ýyl sowgatlarydyr. Däp bolşy ýaly, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda «Altyn Asyr» Söwda merkezi Täze ýyl nyşanly dokma önümlerden sowgatlaryň we egin-eşikleriň giň görnüşini hödürleýär.
08.12.2023
9061
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa boýunça halkara olimpiadanyň netijeleri yglan edildi
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen ekologiýa boýunça açyk halkara internet olimpiadanyň netijeleri yglan edildi.
08.12.2023
12910
Aşgabatda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» bäsleşigine gatnaşyjylar sylaglanyldy
Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde umumybilim berýän orta mekdepleriň 4–11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.
08.12.2023
19040
Ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli konsert
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatowyň ýolbaşçylygynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň konserti boldy.
08.12.2023
5648
Ýaş artistler baýramçylyk konsertine gatnaşarlar
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» folklor tans topary Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konsertine gatnaşmaga taýýarlyk görýär.
08.12.2023
5667
Lebaply şalyçylaryň zähmet üstünligi
Gündogar sebitiň zähmetsöýer şalyçy daýhanlary Döwlete şaly tabşyrmagyň 2023-nji ýyl üçin şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen amal edip, ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar.
08.12.2023
5921
Sarp edijileriň islegine gönükdirilen
Şu ýyl Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynyň işgärleri gowy zähmet netijeleri gazanýarlar.
08.12.2023
6094
Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlary ýurduň parnik gazlaryny tükelleýiş ulgamyny işläp düzmäge goşant goşýarlar
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan döwletleriň 28-nji konferensiýasynda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan we ony durmuşa geçirmek üçin halkara guramalar hem hyzmatdaş döwletler bilen işleşmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.