Medeniýet
26.05.2024
9629
Türkmen halylary — naýbaşy sungat eseri
Şu gün paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. Halkymyzyň ajaýyp milli sungatynyň ykrar edilmeginiň we oňa hormat goýmagyň nyşany hökmünde geçirilýän bu baýram çeper elli halyçylaryň zähmetine berilýän ýokary bahadyr.
25.05.2024
6941
Maşgala gatnaşyklaryna bagyşlanan «Bu meniň ejem!» atly sahna oýny
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr bölüminiň 2-nji we 3-nji ýyl talyplarynyň Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Jennet» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyran «Bu meniň ejem» sahna oýnunyň tabşyrma görkezilişi boldy.
24.05.2024
6257
Aşgabat şäheriniň güni dabaralara baý baýramçylykdyr
Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan türkmen suratkeşleriniň döreden suratlarynyň we heýkelleriniň sergisi guraldy.
23.05.2024
9302
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
23.05.2024
6703
Yzzat Gylyjowyň eserlerinde Italiýanyň nurly Güneşi
Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň eserleriniň sergisi açyldy we türkmen suratkeşiniň Italiýa eden sapary wagtynda alan täsirleri barada gürrüň berildi.
23.05.2024
5586
Ukrainada beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Ukrainanyň Milli Çagalar kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan «Маґтимґули Пираґи. 300 рокiв З дня народження. Одкровення» atly täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
22.05.2024
5547
Waşingtonda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi
21-nji maýda ABŞ-nyň Waşington şäherinde ýerleşýän ABŞ-nyň Kongressiniň kitaphanasynda Türkmenistanyň ilçihanasynyň guramagynda ýurdumyzyň ylym, bilim, medeniýet edaralaryndan bolan döredijilik toparynyň hem-de Smitsonian institutynyň we beýleki ylmy edaralarynyň alymlarynyň, okyjylar köpçüliginiň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi.
22.05.2024
6163
Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlar hem-de konsertler
25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni we okuw ýylynyň gutarmagy mynasybetli baýramçylyk konserti meşhur estrada ýerine ýetirijileriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilýär.
22.05.2024
4756
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsertler taýýarlanylýar
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanda aýdym-sazly medeni baýramçylyklardan başlap, döredijilik bäsleşigine, teatr we sirk çykyşlaryna çenli çäreleri öz içine alýan hakyky wakalar utgaşmasy taýýarlanylýar.
21.05.2024
5533
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirilýär
20-nji maýda ABŞ-nyň Milli poçta muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň ilçihanasy we «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşi tarapyndan bilelikde çykarylan poçta markasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.