Ykdysadyýet
20.06.2022
6580
Nebiti gaýtadan işleýjileriň iş depginleri ýokarlanýar
Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan ugur alnyp, Diýarymyzda giň gerimli toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem tutumly işler alnyp barylýr.
20.06.2022
16044
Arpa ýokumly ekindir
Arpa Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde däp boýunça köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýän däneli ösümlikleriň biridir. Ine, şu ýyl hem Daşoguz welaýatynda müň gektar ýere arpa ekmek meýilleşdirilýär. Bu galla önüminiň esasy öndürijisi S. Türkmenbaşy adyndaky etrapda arpa 250 gektar ekiler.
19.06.2022
7672
«Degreplast» polimer önümlerini daşary ýurt bazarlaryna iberýär
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän «Degreplast» hojalyk jemgyýeti polipropilen we polietilen torbalaryň we örtgüleriň önümçiligini alyp barýar. 2017-nji ýylda önümçilige başlan kärhanada Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy aýda 300 tonna önüm öndürmäge mümkinçilik berýär.
19.06.2022
6163
Lebaply telekeçiler senagat önümlerini eksport edýärler
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan, Lebap welaýatynda ýerleşýän hususy kärhanalar şu ýylyň başyndan bäri 2 million 161 müň 758 amerikan dollaryndan gowrak senagat önümlerini daşary ýurtlara eksport etdiler. Bu bolsa milli pul birliginde alnanda iberilen harytlaryň bahasynyň 7 million 566 müň manatdan aşandygyny görkezýär.
19.06.2022
4843
«Batly Gadamyň» iş depgini ýokarlanýar
Türkmen telekeçileri bu gün döwletli Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine ägirt uly goşant goşup, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmekde mynasyp işleri bitirýärler.
16.06.2022
8152
“Türkmenistanda öndürilen” milli nyşany harytlaryň hiliniň we milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň görkezijisidir
Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 22-nji aprelinde geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşanyny işläp taýýarlamak baradaky teklibi makullady.
14.06.2022
23634
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky işewürlere täze hyzmatyny hödürleýär
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky işewürleri hasaplaryny döwrebap we ýönekeý usulda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «Menzilara bank hyzmatlary» ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar.
13.06.2022
7686
TDHÇMB-nyň söwda geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 134 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.
10.06.2022
7699
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary bugdaý oragyna girişdiler
Türkmenistanda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tassyklan tertibine laýyklykda, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem güýzlük bugdaý oragyna girişdiler. Bu welaýatlar toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlaýar.
08.06.2022
7461
Türkmen ýüpekçileriniň zähmet ýeňşi
Ýurdumyzyň ýüpekçileri Watan harmanyna 2300 tonnadan gowrak pile tabşyryp, dokma pudagy üçin bu gymmatly çig maly taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Munuň özi ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlara daýanylyp, ýüpekçilik pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edilýän tagallanyň aýdyň netijesidir.