Ï Türkmen paýtagty meşhur adamlaryň ençemesiniň – görnükli döwlet işgärleriniň we syýasatçylaryň, alymlaryň, artistleriň, türgenleriň doglan şäheridir. Olaryň köpüsi ömrüni paýtagtymyz bilen bagladylar, ençemesini ykbal alys illere düşürdi.
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Doglan ýeri – Аşgabat

view-icon 5873

Türkmen paýtagty meşhur adamlaryň ençemesiniň – görnükli döwlet işgärleriniň we syýasatçylaryň, alymlaryň, artistleriň, türgenleriň doglan şäheridir. Olaryň köpüsi ömrüni paýtagtymyz bilen bagladylar, ençemesini ykbal alys illere düşürdi.

Olaryň arasynda - tanklara garşy göreşiji topçular toparynyň serkerdesi, Sowet Soýuzynyň Gahrymany Wladimir Wasilýewiç Rubinskiý hem bar. Ol «Ölüm ýokdur, oglanlar!» atly çeper filmiň baş gahrymany leýtenant Rubiniň durmuşdaky asylnusgasydyr. Sosialistik Zähmetiň Gahrymany Wladimir Leonidowiç Koblow – sowet döwlet işgäri, radioelektronikadan meşhur alym, SSSR-iň Radiotehnika senagaty ministriniň orunbasary (1979-1986) wezipesinde işläpdi. Görnükli sowet döwlet we partiýa işgäri, ykdysatçy alym, SSSR-iň daşary işler ministri (1956-1957) Dmitriý Trofimowiç Şepilow hem Aşgabatda (şol wagtky –Ashabatda) eneden dogulýar.

Şeýle-de russiýaly döwlet işgäri Alekseý Wladislawowiç Alýoşin - Rossiýanyň ekologiýa, tehnologiýa we atom gözegçiligi baradaky Federal gullugynyň (Ростехнадзор) 2014-2021-nji ýyllardaky ýolbaşçysy. Taryh ylymlarynyň doktory, M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň täze hem iň täze taryhy kafedrasynyň müdiri Aleksandr Ýurýewiç Watlin hem-de magnit radiospektroskopiýanyň düýbüni tutujylaryň biri, sowet fizigi, SSSR Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy Boris Mihaýlowiç Kozyrýew hem Aşgabatda doglandyr.

Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, SSSR-iň Döwlet baýragynyň eýesi (1952) Halkara astronawtika akademiýasynyň hakyky agzasy, Halkara awialukmançylyk akademiýasynyň ( Brýussel, Lýež) laureaty, K. E. Siolkowskiý adyndaky Kosmonawtika akademiýasynyň hormatly akademigi Wladimir Iwanowiç Ýazdowskiý ynsanyň kosmosa uçmagynyň mümkindigini esaslandyrdy we Ýuriý Gagariniň, beýleki kosmonawtlaryň ilkinji toparynyň uçuşlarynyň lukmançylyk-biologik üpjünçiliginiň ulgamynyň döredilmegine ýolbaşçylyk etdi.

Aşgabatda doglan meşhur medeniýet we sungat wekilleriniň hatarynda 1987-1998-nji ýyllarda «Моsfilm» kinostudiýasynyň Baş direktory bolup RSFSR-iň at gazanan medeniýet işgäri, kinorežissýor Wladimir Dostaly, Rossiýaynyň halk artisti, Tagankadaky Teatryň aktýory Leonid Filatowy görkezmek bolar.

Teatr we kino artisti, kinorežissýor, ssenariçi Ýewgeniý Tkaçuk (A.S. Puşkin adyndaky teatryň artisti Waleriý Tkaçugyň ogly) ýazyjy Mihail Şolohowyň «Ýuwaş Don» romanynyň esasynda goýlan adybir teleserialda Grigoriý Melehowyň keşbini döreden artist hökmünde meşhurlyk gazandy. 2016-njy ýylyň dekabrynda Ýewgeniý Leningrad oblastynyň «WelesО» raýonynda hususy Atçylyk-drama teatryny açdy.

«Kökler» aýdymçylar toparynyň agzasy Aleksandr Berdnikowyň hem-de ukrain prodýuseri, klipmeýkeri we režissýory Natella Krapiwinanyň ady ýaşlaryň arasynda meşhurdyr. Rossiýaly kyssaçy, «Учительская газета» neşiriniň baş redaktory - žurnalist Arslan Hasawowam aşgabatlydyr.

Aşgabatda doglan ildeşlerimiziň köpüsi tanymal türgenlerdir. Olardan käbirini agzalyň: Inga Babakowa - beýiklige bökmekde Olimpiýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi; Daniil Burkenýa – rus ýeňil atletikaçysy, üçürdikläp bökmekde Olimpiýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi, «За заслуги перед Отечеством» ordeniniň II derejesi bilen sylaglanan; Elina Gusewa - rus gandbolçysy, 1988-nji ýylda Seulda, 1992-nji ýylda Barselonada geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň bürünç medallarynyň eýesi, SSSR-iň at gazanan sport ussady; Boris Kramarenko - nusgawy göreş boýunça pälwan, Olimpiýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi, dünýäniň çempiony, SSSR-iň çempionatlarynyň birnäçe gezek çempiony we baýraklarynyň eýesi, at gazanan sport ussady; Igor Pirekeýew- türkmen we gazak nyşana ok atyjy türgeni, tomusky: 1996-njy ýylda Atlantada, 2000-nji ýylda Sidneýde we 2004-nji ýylda Afinada geçirilen Olimpiadalara gatnaşdy; Wladimir Ýaprinsew – samboçy, SSSR-iň, Ýewropanyň we dünýäniň ençeme gezek çempiony, dünýä Kubogynyň eýesi, Ýewropa sambo bileleşiginiň wise-prezidenti, sambony ösdürmekdäki aýratyn hyzmatlary üçin FIAS-yň ordeni bilen sylaglandy.

Aşgabatda doglan ildeşlerimizden ýeke bir GDA ýurtlarynda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da meşhurlary köpdür. Wiktor Iwanowiç Larin – alym-geolog, mineral serişdeleriniň Halkara akademiýasynyň akademigi, Alžiriň nebitçilik dokma merkezinde geologiýa kafedrasynyň müdiri bolup işledi, Gawanada çig mal senagaty Ministrliginiň Ýokary mekdebinde sapak berdi.

Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlan we Türkmenistan SSR-niň Ylymlar akademiýasynyň Zoologiýa institutynda işlän, biologiýa ylymlarynyň doktory Swetlana Nikolaýewna Mýarsewa 1998-njy ýyldan bäri Meksikanyň Sýudad-Wiktoriýa şäheriniň (Tamaulipas ştaty) uniwersitetiniň amaly entomologiýa laboratoriýasynda ylmy-barlaglary geçirýär. Basketbolçy Irina Ýurýewna Medwedowa Belgiýanyň milli ýygyndy toparynyň merkezi hüjümçisi bolup çykyş etdi we Belgiýanyň iki gezek çempiony boldy.

Aşgatda doglan ildeşlerimiz biziň ýurdumyz bilen hemişe aragatnaşyk saklaýarlar. Bütinrussiýa we halkara bäsleşikleriniň laureaty, kompozitor hem-de pianinoçy Mämmet Guseýnow Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly Moskwa halkara sungat festiwalynyň guramaçysy we çeper ýolbaşçysy hökmünde türkmen medeniýetini wagyz etmekde uly işler alyp barýar.

Türkmen döwlet uniwersitetiniň uçurymy, häzir bolsa rus telekeçisi, ARETI kompaniýasynyň Halkara toparynyň prezidenti Igor Makarow ýurdumyzyň durmuşyna işjeň gatnaşýar. Onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy indi 25 ýyl bäri ÝET ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrýar.

ARETI International Group– Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan, ýurdumyzyň nebit-gaz senagatyna maýa goýumlaryny çekmek baradaky Halkara forumynyň bürünç hemaýatkäridir.

Halkara derejeli sport ussady, SSSR-iň Olimpiýa ýygyndy toparynyň agzasy, tigir sürmekde bütinsoýuz we halkara bäsleşikleriniň ençeme gezek ýeňijisi Igor Makarow sportuň bu görnüşiniň Türkmenistanda ösdürilmegine ýardam edýär. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda sportuň şu görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

 Оgulgözel REJEBOWA