Ï «Näme? Nirede? Haçan?» oýnunyň sport görnüşi boýunça ýurdumyzyň XVIII çempionatynyň netijeleri jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Näme? Nirede? Haçan?» oýnunyň sport görnüşi boýunça ýurdumyzyň XVIII çempionatynyň netijeleri jemlendi

view-icon 4283
«Näme? Nirede? Haçan?» oýnunyň sport görnüşi boýunça ýurdumyzyň XVIII çempionatynyň netijeleri jemlendi

«Näme? Nirede? Haçan?» (NNH) oýnunyň sport görnüşi boýunça Aşgabatda geçen ýaryş dürli ýaşdaky 20 topary bir ýere ýygnady. Oňa paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem intellektual oýunlarda köpýyllyk tejribesi bolan tejribeli hünärmenler gatnaşdylar.

Çempionat «Durmuşymyz näme? Oýun!» diýen saz bilen başlandy. Şondan soň dabaraly saz ýaňlandy we toparlar ýaryşa başladylar. Ýaryş her biri on iki soragy özünde jemleýän bäş tapgyrdan ybarat boldy.

Oýnuň düzgünine laýyklykda, soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin, toparlara bary-ýogy bir minut wagt berilýär. Käte bu wagt aňyňdaky ähli bilimiňi ýada salmak üçin ýeterlik bolmaýar. Ýöne birinji tapgyrdan başlap, ýaryş tertibi dogry jogaplar bilen dolup başlady. Şol jogaplar hem toparlaryň ornuny kesgitleýän esasy görkeziji boldy.

Elbetde, sport NNH-nyň düzgünlerine has dykgatly garasaň, onda 1975-nji ýyldan bäri dowam edýän oýnuň telewizion görnüşinden tapawutlandyrýan köp aýratynlyklarynyň bardygyny görmek bolýar. Şeýle-de bolsa oýnuň özeni şol bir zat – ýagny, berlen soraga dogry jogap bermek.

Şeýlelikde, hasaba alnan dogry jogaplaryň sany boýunça kapitan Arslan Omadowyň ýolbaşçylygyndaky «Wa-Bank» topary ýeňiji boldy. Topar teklip edilen 60 soragyň 37-sine dogry jogap bermek bilen, birinji orny eýeledi.

Ikinji orna Aşot Martirosýanyň «DKM» topary mynasyp boldy. Üçünji orny bolsa Gleb Andreýewiň «Ol şeýle-dä», Meňli Agamyradowanyň «Intellektuallar» we Zaur Omarowyň «Angar» toparlary eýelediler.

«Näme? Nirede? Haçan?» oýnunyň sport görnüşi «Telekompaniýa Igra-TV» ÇJG-niň ygtyýarnamasy boýunça geçirildi. Ýaryşyň ýeňijisine Türkmenistanyň «Näme? Nirede? Haçan?» oýnyň sport görnüşi boýunça 2022-nji ýylyň çempiony diýen at berildi.

Bu akyl-paýhas oýnunyň köp ýurtlarda meşhurdygyny belläliň. NNH-nyň sport görnüşiniň klublary Russiýada, Germaniýada, ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Kanadada, Finlýandiýada, Çehiýada we başga-da köp ýurtlarda bardyr.