Ï «Aşgabat» kinoteatrynda täze filmleriň deslapky görkezilişi bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Aşgabat» kinoteatrynda täze filmleriň deslapky görkezilişi bolar

view-icon 4191
«Aşgabat» kinoteatrynda täze filmleriň deslapky görkezilişi bolar

Milli kinematografiýanyň ündewini dowam etdirmek bilen, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» döredijilik birleşigi täze filmleriň deslapky görkezilişini taýýarlady.

Halkara Bitaraplyk gününiň baýram edilmeginiň öňüsyrasynda, ýagny 7-nji, 8-nji we 9-njy dekabrda «Aşgabat» kinoteatrynda birbada üç filmiň ilkinji görkezilişi bolar. Şolaryň arasynda W. Işangulyýewiň «Uly baýragyň gymmaty», režissýor I.Annamuhammedowyň «Syrly sandyk» we Z.Kadyrowyň «Ynsan syrdaşy» filmleri bar.

Filmleriň görkezilişi gündiz bolar.

«Aşgabat» kinoteatrynyň kassasyndan bilet satyn alyp we görkezilişleriň tertibi bilen tanşyp bilersiňiz.

Goşmaça maglumatlar üçin telefon belgileri:

93-44-80; 93-44-83; 93-44-90.