Ï Balkanabat şäherinde welaýat adalat bölüminiň täze edara binasynyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkanabat şäherinde welaýat adalat bölüminiň täze edara binasynyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi

view-icon 3008
Balkanabat şäherinde welaýat adalat bölüminiň täze edara binasynyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi
camera-icon
Andreý Pakulow

Ýurdumyzyň Günbatar sebitiniň Balkanabat şäherinde welaýat adalat bölüminiň täze edara binasynyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi Balkan welaýat merkeziniň binagärlik gözelliginiň üstüni ýetirdi.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Balkan welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýatyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, sungat ussatlary hem-de şäheriň köpsanly ýaşaýjylary agzybirlik bilen işjeň gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň giň gerimli özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler dogrusynda aýratyn nygtadylar.

Gutlag çykyşlaryndan soňra döwrebap binanyň gurluşygynda yhlasly zähmeti bilen tapawutlanan ussat gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňra ýaşuly nesliň wekilleri toý bagyny kesip, welaýat adalat bölüminiň täze edara binasynyň işine ak pata berdiler.

Balkan welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk dolandyryş edarasynyň buýurmasy esasynda gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy, «Gündogdy» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler. Üç gatdan ybarat binada işlemek üçin döredilen mümkinçilikler bolsa dabara gatnaşyjylarda çuňňur kanagatlanma duýgularyny döretdi. Sebäbi ak mermer bilen bezelen bina iş we beýleki hojalyk otaglarynyň 80-sini özünde jemläp, olar ösen tehnologiýalar, häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri, kompýuterler, döwrebap mebeller bilen üpjün edilipdir. Binada ýygnak geçirmek üçin zal, kitaphana, garbanyşhana, naharhana, internet otagy ýerleşýär. Ýyladyş we sowadyş enjamlary, elektrik üpjünçiligi üçin binalary özbaşdak ýerleşýän edara jaýynyň howlusynda üsti ýapyk we açyk duralgalar, suw howuzlary bar.

Dabaranyň ahyrynda berlen toý sadakasynda hem Gahryman Arkadagymyzyň hemde Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ägirt uly işleriniň hemişe rowaç bolmagy dileg edildi.