Ï Döwletliler köşgündäki çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwletliler köşgündäki çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

view-icon 2641
Döwletliler köşgündäki çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryndan sowgatlar gowşuryldy.

Çagalar uly şatlyk we ruhubelentlik bilen myhmanlary garşy aldylar. Olar myhmanlar üçin aýdym-sazly çykyşlary taýýarladylar. Şeýle-de bu ýerde çagalaryň çeperçilik işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza özleri barada edilýän alada hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak, arzuwlaryny amala aşyrmak ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Döwletliler köşgünde çagalar bilim bilen bir hatarda, dürli hünärleri-de ele alýarlar. Munuň özi olara mekdebi tamamlap, durmuşa ynamly gadam basmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredildi. Çagalar dürli gurnaklara gatnap, şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýärler, saz çalýarlar we sport bilen meşgullanýarlar. Okuw maksatnamasynyň çäklerinde olar daşary ýurt dillerini öwrenýärler, boş wagtlary kitap okaýarlar. Bu ýerde terbiýelenýän çagalaryň köpüsi ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň, halkara festiwallaryň, şol sanda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileridir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu halkara baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna iberen Gutlagynda: “Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys” diýlip nygtalýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen maşgalany goldamagyň, enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we bilim bermek baradaky döwlet goldawynyň kämil ulgamy döredildi.

Çagalary goramagyň halkara gününiň milli senenamamyzyň şanly seneleriniň hataryna girizilmegi ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesliň hukuklary we bähbitleri babatda Milletler Bileleşiginiň esas goýujy kadalaryna ygrarlydygynyň beýany bolup durýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýany tassyklap, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan ÝUNISEF bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip gelýär we özüniň ýaşajyk raýatlary üçin oňyn durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligini görkezýär.

Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň ýurdy diýlip ykrar edilmegi ýaş nesil barada hemişe alada edýän döwlet Baştutanymyzyň asylly işleriniň netijesidir. Bu işlerde türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgeleri, parasatly ruhy-ahlak gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu asylly däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mynasyp dowam etdirilýär. Çagalar babatda döwlet syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara borçnamalara laýyklykda, çagalaryň beden, aň-paýhas, ruhy, ahlak taýdan doly derejeli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň özi umumy durmuş syýasatynyň bir bölegi bolup, ähli türkmenistanlylar, şol sanda çagalar üçin has amatly durmuş şertleriniň döredilmegi onuň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Şeýle hem bu syýasat hukuk, ahlak, ykdysady, durmuş çäreleriniň toplumy arkaly maşgalany maddy, ruhy we hukuk taýdan goramagy öz içine alýar.

Eneleriň öz çagalaryny alada bilen gurşap almaklary üçin çaga doglanda döwlet tarapyndan kömek pullary we ýeňillikler berilýär. Bu ugurda kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi döwletimiziň ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, abadan durmuşda ýaşamagy baradaky edýän aladasynyň netijeleridir.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar milli medeni mirasymyzdan ylham alyp, täzeçillikler üçin hemişe açykdyklaryny aýdyňlygy bilen görkezdiler. Dabara ýurdumyzyň estrada artistleriniň we sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Baýramçylyk mynasybetli dabara gatnaşyjylara süýjülik torty paýlandy.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baýramçylyk çäreleri guraldy. Munuň özi Türkmenistanyň umumadamzat gymmatlyklaryna we türkmen halkynyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak däplerine esaslanýan döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.