Ï «Awaza» şypahanasy – jana şypaly melhemler mekany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Awaza» şypahanasy – jana şypaly melhemler mekany

view-icon 5475
«Awaza»  şypahanasy – jana şypaly melhemler mekany

Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýänleriň sany günsaýyn artýar. Çünki, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Hazar deňiziniň ekologiýa taýdan arassa, sapaly kenaryndaky meşhur syýahatçylyk zolagy bu gün dünýä jahankeşdeliginiň merjenine öwrüldi.

Bu jenneti künjekde, jana şypaly melhemler mekanynda ýerleşýän «Awaza» şypahanasy degişli düzümiň üstüni ýetirmek bilen, döwletli Diýarymyzda deňiz şypahanasynyň okgunly, depginli ösüşini hil taýdan täze derejelere çykardy. Ösen häzirki zaman dünýäsiniň ýokary hil ülňülerine laýyk gurnalan bu ajaýyp desga işe girizilen ilkinji gününden, ýagny 2018-nji ýylyň 21-nji iýunyndan bäri raýatlarymyza göreldeli hyzmat berýär. Muňa häzirki tomus möwsüminde «Awaza» şypahanasynda raýatlarymyzyň saglygy barada alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşanyňda, hasam aýdyň göz ýetirýärsiň.

«Awaza» şypahanasy bu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň binagärlik keşbini, onuň geografik taýdan gurluş düzümini baýlaşdyryp, owadan, sapaly künjegiň gözelligine has-da görk goşýar. Ýigrimi müň inedördül metre golaý meýdany tutýan toplum dünýäniň iň bir kämil, ösen lukmançylyk enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilipdir. Şypahananyň ýöriteleşdirilen bölümlerinde ussat lukmanlardyr şepagat uýalary zähmet çekýärler. Olar häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy tejribeleri esasynda işläp, bu ýerde saglyklaryny dikeldýänlere dürli bejeriş-dikeldiş hyzmatlaryny hödürleýärler. Şonuň ýaly-da dürli keselleri, şol sanda dem alyş ýollarynyň, daýanç-hereket synasynyň, nerw, endokrin, ýürek-damar ulgamynyň kesellerini anyklamagy we bejermegi üstünlikli alyp barýarlar. Şeýle-de şypahanada adamlara aeroterapiýa, galoterapiýa, talassoterapiýa, akgoterapiýa, deňiz we mineral suwy bilen bejermek ýaly hyzmatlar döwrebap ýola goýulýar.

Döwrebap şypahanada balnoterapiýa hem-de palçyk bilen bejeriş, howuzly we SPA-ly gidroterapiýa, maslahat hem-de anyklaýyş, dikeldiş, fizoterapiýa we bejeriş bedenterbiýesi bölümleri, rentgenografiýa, ultrases barlaglary, elektrokardiografiýa, owkalap bejeriş, kliniki barlaghanalar we beýlekiler bar. Mundan başga-da, bu ýerde saglyklaryny dikeldýän adamlar diýseň köp ugurlar boýunça ezber lukmanlaryň peýdaly maslahatlaryndan, ýokary hilli kömeklerinden peýdalanýarlar. Sagaldyş toplumynda saglygyny bejerdýänleriň her biri hem fitobarda melhemlik içgilerden, ösümliklerden taýýarlanan şirelerden içip, teşneliklerini gandyryp, şypa tapyp bilýärler.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy ensiklopediýasynda dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary jikme-jik beýan edilýär. Şolaryň esasynda taýýarlanýan melhemler bolsa öz şypaly netijelerini berýär. Toplumyň çägindäki açyk howuz, kafeteriý, futbol, basketbol, tennis oýnamak üçin sport meýdançalary hem bu ýerde saglyklaryny bejerdýänleriň hyzmatynda.

- Sapaly tomus möwsüminiň başlanmagy bilen baglylykda «Awaza» şypahanamyza dynç almaga, saglygyny berkitmäge gelýän raýatlaryň sany soňky günlerde hasam köpeldi. Olar döwletimiz tarapyndan döredilen iň bir naýbaşy derejedäki nusgalyk şertlere, ägirt uly mümkinçiliklere buýsanyp, şypahana hyzmatlaryndan ýeňillikli we ýerlikli peýdalanýarlar. Biz geljekde hem raýatlarymyzyň hyzmatynda bolup, saglygy goraýyş we şypahana işlerini ösen isleglere, bildirilýän talaplara laýyk guramak üçin ähli tagallalarymyzy gaýgyrmarys. Şeýle-de biz ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryny mähirli garşylap, göwnejaý hyzmatlary hödürlemäge hemişe taýýardyrys.

Goý, biz-saglygy goraýyş işgärleri barada, raýatlarymyz, halkymyz hakynda çäksiz aladalar edip, döwrebap şertleridir mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun! - diýip, şypahananyň baş lukmany Berdimämmet Gurbanow biziň bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.