Ï Türkmenistan gümrük işini has-da kämilleşdirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan gümrük işini has-da kämilleşdirýär

view-icon 1558
Türkmenistan gümrük işini has-da kämilleşdirýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük amallaryny awtomatlaşdyrma bölüminiň işgärlerinden ybarat topar sebitleýin seminara gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň gümrük edarasynyň web-saýtynda habar berilýär.

Bu maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasynyň (UNCTAD) we Dubaýyň halkara ynsanperwer merkeziniň goldawy bilen, ASYCUDA we “Bir penjire” ulgamlaryny ulanýan ýurtlaryň gümrük dolandyryş edaralarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça UNCTAD usulyýet çäreleriniň çäginde guraldy.

Maslahata gatnaşanlar gümrük işleriniň sanlylaşdyrylyşy bilen tanyşdylar, söwdany sadalaşdyrmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Olar Dubaýyň ynsanperwerlik ýükler üçin halkara merkezine baryp gördüler.

ASYCUDA awtomatlaşdyrylan gümrük maglumatlary ulgamy, Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasy (UNCTAD) tarapyndan işlenip düzülen kompýuterleşdirilen ulgamdyr. Ol ýurtlaryň gümrük edaralaryna esasy gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmakda we gözegçilikde saklamakda kömek edýär.