Ï Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri tamamlanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri tamamlanyldy

view-icon 2531
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri tamamlanyldy

Şu gün Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. 

Bu döredijilik forumy iki ýurduň köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryny berkitmekde medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň ähmiýetiniň uludygyny nobatdaky gezek tassyklap, olaryň köpugurly gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. 

Şonuň bilen birlikde, türkmen-ermeni gatnaşyklary iki dostlukly döwletiň diňe bir ykdysady bähbitlerine däl, eýsem, milletiň ösüşinde ruhy gymmatlyklaryň eýeleýän aýratyn ornuna düşünilýändigine esaslanýar. Asyrlaryň jümmüşinden gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryna daýanmak biziň halklarymyzy birleşdirýän esasy ýörelgedir. 

Türkmen halkynyň häzirki zaman aýdym-saz we kinematografiýa sungaty, onuň baý däp-dessurlary bilen tanyşdyrmagy özünde jemleýän bu medeni çäre iki ýurduň halklary üçin ähmiýetli pursatlara baý boldy. 

Häzirki medeni çäre birek-biregiň medeni mirasyny öwrenmäge gyzyklanmany, şeýle hem döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek üçin ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmegiň wajypdygyny tassyklaýar. 

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy Ermenistan Respublikasynyň gadymy Artaşat şäherindäki Amo Harazýan adyndaky drama teatrynda geçirildi. Oňa iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar. Bu ýerde bilelikdäki konsertiň guralmagy we onda ýaýbaňlandyrylan joşgunly çykyşlar hemmelerde ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.

Döredijilik çäresiniň çäklerinde Ýerewanyň Döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň beýik şahyrynyň döredijiligine bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Onda Gündogaryň akyldar şahyry hökmünde ykrar edilen Magtymgulynyň döredijilik dünýäsine bagyşlanan çykyşlar guraldy. 

Ermeni tarapynyň wekilleri bu çäräniň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň, guralan serginiň we aýdym-sazly çykyşlaryň özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde aýratyn orun eýleýändigini nygtadylar.