Ï Daşky gurşawyň abadançylygy bagtyýar durmuşyň kepilidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşky gurşawyň abadançylygy bagtyýar durmuşyň kepilidir

view-icon 1873
Daşky gurşawyň abadançylygy bagtyýar durmuşyň kepilidir

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi guramagynda Daşoguz şäherinde maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň tebigatyny goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň wekilleri, Gaplaňgyr goraghanasynyň işgärleri, Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri we beýlekiler Daşoguz welaýatynda ekologik abadançylygy we tebigata aýawly çemeleşmegi üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny bellediler. Şeýle hem daşky gurşawy goramagyň we gowulandyrmagyň amallary barada gürrüň etdiler.

Diňe soňky ýyllarda döwlet maýa goýumlarynyň kömegi bilen, Daşoguz welaýatynda ýerleriň suwarma ýagdaýyny gowulandyrmak, olaryň şorlaşmagynyň we batgalaşmagynyň öňüni almak, suw gorlaryndan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we meýdanyň ähli ýerini abadanlaşdyrmak boýunça birnäçe iri taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilendigini bellemelidiris.

Sarygamyş kölüniň gündogar kenarynda, Bötendag belentliginde tozanyň we duzlaryň ýurdumyzyň hem goňşy döwletleriň çäklerine geçmeginiň öňüni almaga we ýerli ösümlik hem haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga goşant goşmaga ukyply tokaý zolagynyň döredilmegi, ekologiýa pudagynda alnyp barylýan işleriň iň aýdyň mysallaryndan biridir. Bu ýerde ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň tagallalary bilen, türkmen alymlary tarapyndan işlenip düzülen teklipler esasynda duza çydamly we topragy berkidýän ekinler ekildi, birnäçe kilometr elektrik simleri çekildi we suwaryş ulgamlary geçirildi, şeýle hem tehniki maksatlar üçin dürli zerur desgalar guruldy.

Ýurdumyzda gurulýan “Altyn asyr” köli ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ep-esli baýlaşmagyna goşant goşdy. Onuň dürli gidrotehniki desgalarynyň boýunda sebitde täze ilatly ýerler, guşlara mesgen bolan täze suw howdanlary peýda boldy, ösümlikler bilen örtülen kenarlar bolsa ýabany haýwanlary özüne çekýär.

Ilatyň dürli ýaş toparlarynyň we dürli iş ugurlarynyň wekilleriniň, şol sanda sebitdäki birnäçe orta mekdep okuwçylarynyň we işewürlik gurluşlarynyň wekilleriniň daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek işine işjeň gatnaşýandyklary begendirijidir.

Sebitde ýerleşýän Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň işgäleri tebigaty goramagy we ýerli suw baýlyklarynyň, baý ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmegi, ýerli florany we faunany gorap saklamaga hem köpeltmäge goşant goşmagy öz içine alýan biodürlüligi goramak boýunça uly işler alyp barýarlar.

“Ak durna” hususy kärhanasynyň süýji suw balyklarynyň käbir görnüşlerini ösdürip ýetişdirýän we her ýyl welaýatyň dürli howdanlaryna goýberýän hünärmenleri-de ýerli ihtiofaunanyň biologik dürlüligini gorap saklamaga we ýokarlandyrmaga elden gelen goşandyny goşýarlar.