Ï Türkmenistanda yssy howa garaşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda yssy howa garaşylýar

view-icon 5337
Türkmenistanda yssy howa garaşylýar

Öňümizdäki günlerde Türkmenistanda yssy howa bolar. Howanyň ortaça temperaturasy +40... gradusa ýeter. Hepdäniň ahyrynda birnäçe welaýatlarda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagmagyna garaşylýar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +39… +40, gijelerine +24… +26 gradus bolar. Anna güni ýyldyrym çakmagy bilen ýagyş ýagmagy mümkin.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan güneşli howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +35…+40, gijelerine +23… +26 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagmagyna garaşylýar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +35…+40, gijelerine +24...+29 gradus bolar, kenarýaka sebitlerinde howanyň temperaturasy gündizlerine + 36... çenli bolup we ýagyş ýagmagyna garaşylýar.

Mary welaýatynda açyk howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +36…+41, gijelerine +23… +28 gradus bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan ýelli howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +36… +41, gijelerine +22…+27 gradus bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +35… +40, gijelerine +22…+27 gradus bolar.