Ï Söwda toplumynyň sergisi gelenleriň ünsüni özüne çekýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Söwda toplumynyň sergisi gelenleriň ünsüni özüne çekýär

view-icon 1909
Söwda toplumynyň sergisi gelenleriň ünsüni özüne çekýär

Türkmenistanyň söwda toplumynyň Aşgabatda geçýän sergisi ol ýere gelenlerde – kärdeşleri bilen iş meselelerini ara alyp maslahatlaşýan hünärmenlerde we bu gün söwda ulgamlarynyň hem telekeçileriň hödürleýän täze harytlarydyr hyzmatlary bilen tanyşmaga gelen adamlarda ýakymly täsir galdyrýar.

Al-elwan tebigy güller bilen bezelen «Roza gül» synlamyna gelenler owadan bägül bilen birlikde belent ruhy ýagdaýy-da sowgat alýar. Dürli görnüşli nah ýüplükleri, nah matalary, tüýjümek önümleri, örtükleri hödürleýän «Gerçek ýigit» hususy kärhanasynyň Mary şahamçasynyň synlamynyň ýanynda telekeçi önümçilik meseleleri bilen gyzyklanýan geljekde hyzmatdaş bolup biljek biri bilen işewür söhbet edýärdi.

Sergä gelen käbir adamlaryň bu ýerde banan agajyny ilkinji gezek gören bolmagy ähtimal, tejenli telekeçi bu täsin miwäni Türkmenistanda ýetişdirmegi nädip ýola goýandygy, melleginde hozuň haýsy görnüşlerini ýetişdirýändigi barada höwes bilen gürrüň berýärdi. Sergä gelenlerden adaty günebakar ýagy bilen bir synlamda goýlan raps we soýa ýagyny nireden alyp boljakdygyny soraýanlar-da sarp ediji bazaryň import harytlaryň ornuny tutýan täze harytlaryna gyzyklanma bildirýärdiler.

Türkmenistanyň Söwda ministrligine degişli jemgyýetçilik iýmiti we restoranlar kärhanasynyň owadan bezelen synlamy sergä gelenleriň köpüsiniň ünsüni özüne çekýär. Jemgyýetçilik iýmiti kärhanasynyň baş tehnology Jamilýa Muhammetnazarowanyň aýtmagyna görä, synlamda olaryň halka hödürläp biljek konditer önümleri we dürli azyk harytlary goýlupdyr. Jemgyýetçilik iýmit ulgamynyň işgärleri önümiň hiline aýratyn üns berýärler we şunuň ýaly hyzmatlary amala aşyrmagyň iň gowy dünýä tejribesini öwrenip, öz ýurdumyzda önümçilige girizmäge ymtylýarlar.

Milli däpde amaly-haşam sungatynyň dürli önümi goýlan halk senedi sergisiniň hatarynda tut agajyndan kagyz öndürmek senedini janlandyrýan daşoguzly telekeçi Gaýrat Mätkerimowyň önümleri ünsi özüne çekýär. Telekeçi bu gadymy senediň biziň medeni mirasymyzyň möhüm bölegidigi, elde öndürilen kagyza Magtymguly Pyragynyň öçmejek goşgularynyň we Mamunyň akademiýasynyň alymlarynyň ylmy risalalarynyň ýazylandygy barada joşup, gürrüň berdi.

Mätkerimow indi on ýyla golaý wagt bäri gadymy tehnologiýa esasynda dürli galyňlykdaky kagyz öndürmek bilen meşgullanýar. Hünäri boýunça suratkeş bolan Gaýrat öz öndüren kagyzlarynda surat, miniatýura çekýär we sowgat önümlerini, şol sanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan gutlag hatlaryny-da taýýarlaýar. Ol özüniň bireýýäm unudylan gadymy tehnologiýa boýunça ýasan güberçek görnüşli kagyz işini ýeke-täk hasaplaýar.

Elde kagyz öndürmek on tapgyrdan durýan we köp wagt, zähmet hem sabyr talap edýän diýseň agyr iş. Ýöne telekeçiniň aýtmagyna görä, şunuň ýaly kagyz berk bolýar we bäş ýüz ýyla çenli zaýalanman, saklanyp bilýär. Gaýrat Mätkerimowyň pikiriçe, türkmen halkynda öwrenilmeli, dikeldilmeli we dünýä ýaýratmaly gyzykly gadymy tehnologiýa köp.