07.06.2026
4579
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Gurban baýramy mynasybetli mähirli we tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Goý, iň esasy hem-de uly sarpa goýulýan musulman baýramlarynyň birini uly şatlyk bilen belleýän millionlarça ynsanyň kalplarynyň kuwwaty Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde duýgudaşlygyň we adalatyň, özara düşünişmegiň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň dabaralanmagyna ýardam bersin!
07.06.2026
9356
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny has-da ýaýbaňlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek, Türkmenistanyň halkara şertnamalar esasynda öz üstüne alan gender deňligini üpjün etmek baradaky borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmek we gender deňligini iş ýüzünde durmuşa geçirmek mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy” tassyklanyldy.
07.06.2026
4035
Ylymlar gününe bagyşlanan halkara maslahat
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy ösdürmek, ylmyň gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak, onuň üçin halkara möçberinde hyzmatdaşlygy amala aşyrmak boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar.
07.06.2026
3327
Biomimetika we nutrigenomika: Türkmenistanyň tebigaty gerontologiýada «uzak ýaşamagyň koduny» nähili açýar
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hünärmenleri häzirki zaman ylmynyň iň täze ugurlarynyň ikisiniň – biomimetikanyň (täze tehnologiýalary döretmek üçin janly tebigatyň ýörelgelerini öwrenmegiň we ulanmagyň) hem-de nutrigenomikanyň (iýmitlenmegiň we biologik taýdan işjeň maddalaryň genleriň işine ýetirýän täsiri baradaky ylmyň) utgaşýan sepgidinde ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.
06.06.2026
3832
Türkmenistanyň 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýyndaky durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlenildi
5-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
06.06.2026
5196
Türkmenistanyň türgenleri 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda 301 medal gazandy
Şu ýylyň ýanwar – maý aýlarynda Türkmenistanyň türgenleri halkara ýaryşlarda jemi 301 medal gazandylar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýyndaky durmuş-ykdysady ösüşleriň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
06.06.2026
4538
Sungat arkaly dostlukly gepleşik
Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde azerbaýjan ussatlarynyň halk amaly-haşam sungatynyň sergisi geçirildi.
06.06.2026
4111
Aşgabatda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkini hormat bilen ýatladylar
Beýik rus şahyrynyň doglan güni we däp boýunça 6-njy iýunda bellenýän Halkara rus dili güni mynasybetli Türkmenistanyň paýtagtynda Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bolup geçdi.
06.06.2026
3678
Geljegi uly bolan «Anna Kor» haryt nyşanynyň «Turkmentextile Expo – 2026» atly sergidäki ilkinji tanyşdyrylyşy
«Turkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy däp-dessur boýunça täze açyşlaryň we aýdyň wakalaryň meýdançasy bolup hyzmat edýär. Şu ýyl sergä gelenleriň we pudaklaýyn hünärmenleriň ünsüni «Anna Kor» haryt nyşany özüne çekdi.
06.06.2026
3121
Daşkentde C5+1 formatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň Medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Daşkent şäherinde «JW Marriott» myhmanhanasynda C5+1 formatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi.