Ï Ylymlar gününe bagyşlanan halkara maslahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylymlar gününe bagyşlanan halkara maslahat

view-icon 165
Ylymlar gününe bagyşlanan halkara maslahat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy ösdürmek, ylmyň gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak, onuň üçin halkara möçberinde hyzmatdaşlygy amala aşyrmak boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar.

Berkarar Diýarymyzda Ylymlar gününiň giňden bellenilmegi bolsa, bu ugurda netijeli iş alyp barýan ylmy işgärlere goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasydyr. Bu baýramçylyk mynasybetli döwlet we halkara derejesinde dürli çäreleriň ýaýbaňlandyrylýandygyny-da buýsanç bilen belläp geçmek bolar. Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Ylymlar güni mynasybetli «Ylym we bilim XXI asyrda» ady bilen onlaýn arkaly geçirilen halkara maslahat hem ýokarda aýdylanlara aýdyň mysaldyr.

Bu ylmy maslahata dünýäniň 15 döwletinden: ABŞ-nyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Türkiýäniň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Hindistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň jemi 50-den gowrak ýokary okuw mekdeplerinden, şeýle hem ylmy edaralardan 350-ä golaý professor-mugallymlar, ylmy işgärler gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylaryň 150-den gowragynyň daşary ýurtly alymlardygyny, 200-e golaýynyň bolsa Türkmenistandan gatnaşandyklaryny belläp geçmek bolar. Bu giň gerimli maslahatyň türkmen, iňlis we rus dillerinde alnyp barylmagynyň täsirliligini has-da artdyrdy.

Ylmyň dürli ugurlaryny öz içine alan maslahatyň bäş bölümden, ýagny, taryh, jemgyýetçilik ylymlary we medeni miras, ýaş nesle bilim bermegiň döwrebap usullary, filologiýanyň häzirki zaman meseleleri, tebigy ylymlar we ekologiýada durnukly ösüş, takyk ylymlary we sanly tehnologiýalar atly ugurlar boýunça geçirilendigini belläp geçmek bolar. Halkara maslahata gatnaşyjylar onuň örän işjeň ýagdaýda geçendigini, özara pikir alyşmalar netijesinde ýokarda atlary agzalan ýurtlarda ylmyň gazananlary boýunça tejribeleriň alşylandygyny, onuň bolsa geljekde ylmy işleri alyp barmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyny aýdyp geçdiler.