24.06.2025
3732
Türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler
Şu gün yslam dünýäsiniň mukaddes ýerleri hasaplanýan Mekge we Medine şäherlerine haj parzyny berjaý etmek üçin giden ildeşlerimiz Watanymyza dolanyp geldiler. Saud Arabystany Patyşalygyna zyýaraty amala aşyran toparyň agzalary haj parzyny ýerine ýetirmek babatda döwlet tarapyndan alada edilýändigi üçin hajy Arkadagymyza we Arkadagly hajy Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.
24.06.2025
5804
Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
24.06.2025
3578
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Mark Rubio bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar giň gerimli ugurlar boýunça pikir alyşdylar.
24.06.2025
4217
Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi.
24.06.2025
4106
Halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri türkmen zergärleriniň ussatlygy barada gepleşik taýýarlaýar
Russiýanyň «Weçnyý zow» kinokompaniýasy Serbiýanyň «Balkan Trip TV» teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna baryp gördüler.
24.06.2025
3793
Türkmen wekiliýeti UNIDO taslamasynyň çäklerinde Moskwa şäherinde boldy
15-22-nji iýun aralygynda türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň senagat ösüşi boýunça (UNIDO) taslamalarynyň çäklerinde geçirilen iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde boldy.
24.06.2025
5247
Türkmenistanyň futbol çempionatynda «Arkadag» topary «Aşgabat» toparyny uly hasap bilen utdy
«Arkadag» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygynda «Aşgabat» toparyny 7:0 hasabynda ýeňdi.
24.06.2025
4994
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli suratkeşleriň we ýazyjylaryň sergisi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen suratkeşleriniň we ýazyjylarynyň eserleriniň sergi-bäsleşigi açyldy.
24.06.2025
5321
Dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyryp
Ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respbulikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi Türkmenistanyň daşary işler ministriliginde duşuşup, Türkmenistan bilen EYR-nyň arasyndaky gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
23.06.2025
3455
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.