08.04.2026
2367
«Halklaryň dostlugy» at bilen konsert geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada orkestri we estrada sungaty kafedrasynyň talyplary «Halklaryň dostlugy» atly konsert bilen çykyş etdiler.
08.04.2026
2537
Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni mynasybetli bäsleşik geçiriler
23-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy gününe bagyşlanyp, «Bilelikde okalyň!» atly bäsleşik geçiriler.
08.04.2026
3769
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnaly 2026-njy ýyldaky 3-nji sany çap edildi.
08.04.2026
3543
Türkmenistan Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen OTC Asia 2026-da energetika hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Türkmenistan 31-nji martdan 2-nji aprele çenli “Offshore Technology Conference Asia 2026” (OTC Asia) halkara maslahatyna we sergisine işjeň gatnaşyp, dünýä energetika jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürýändigini nobatdaky gezek görkezdi.
08.04.2026
2000
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýa Respublikasynyň Immigrasiýa gullugynyň Komissary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Koreýa Respublikasynyň Immigrasiýa gullugynyň Komissary Ça Ýong-ho bilen duşuşygy geçirildi.
08.04.2026
3053
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýa Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Koreýa Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýurdumyzyň Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşygy geçirildi.
07.04.2026
2625
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Şu gün ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy Türkmenistanda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde sport diplomatiýasynyň yzygiderli ilerledilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
07.04.2026
2269
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
07.04.2026
8487
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäni gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu şäherçäni 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak bellenildi.
07.04.2026
2448
Halkara bilim güni mynasybetli mekdep okuwçylary üçin ders olimpiadalary başlandy
6-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara bilim gününe bagyşlanyp, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriniň birinji tapgyry geçirildi.