07.04.2026
3541
Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bazarlary ýokary hilli gök önümler bilen üpjün etmäge mynasyp goşant goşýarlar
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň gök ekerançylary düýp soganyň, käşiriň we kelemiň ýazky ekişini üstünlikli tamamladylar. Bu ekinler has köp mukdarda G.Atamedow adyndaky we Zähmetkeş daýhan birleşiklerinde ekildi. Etrap boýunça jemi 120 gektar meýdana sogan, 70 gektara käşir we 40 gektara kelem ekildi.
07.04.2026
2573
Türkmenistanyň we Gruziýanyň alymlary bilelikde milli golýazmalary öwrenmäge başladylar
2026-njy ýylyň 6-njy aprelinden başlap, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň öňdebaryjy alymlary Korneli Kekelidze adyndaky Gruziýanyň Milli golýazmalar merkezinde giň gerimli ylmy-barlag işlerine başladylar.
07.04.2026
2638
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi adamzadyň belent ynsanperwer däplerini dabaralandyrýan halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
07.04.2026
2165
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň içeri we daşary syýasy ähmiýetli wakalara baý günlerinde dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
06.04.2026
2602
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
06.04.2026
3805
Balkan welaýatynda ýazky at çapyşygynyň ilkinji tapgyry üstünliklere beslendi
Şu ýylyň 22-nji martynda paýtagtymyz Aşgabatda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ̶ bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi.
06.04.2026
2611
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
06.04.2026
2368
Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi.
06.04.2026
2025
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ahalteke bedewlerini dünýä ýaýmak boýunça duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň guramagynda Ýaponiýanyň «Akhal-teke Affinity Co. LTD» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy M.Aoe hem-de Täze Zelandiýanyň «Krukziener Properties» kompaniýasynyň esaslandyryjysy A.Krukziener bilen duşuşyk geçirildi.
06.04.2026
4052
Aşgabatda figuralaýyn typmak boýunça Türkmenistanyň Birinjiligi ugrundaky ýaryşyň ýeňijileri yglan edildi
Gyşky sport toplumynda konkide figuralaýyn typmak boýunça Türkmenistanyň Birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp geçirilen bu bäsleşik hakyky ajaýyplyk we sungat baýramy boldy. Bäsdeşler estetikanyň, fiziki güýjüň we ynamly ýerine ýetirişiň utgaşmasyny görkezip, tomaşaçylary çylşyrymly hereketler bilen haýran galdyrdylar.