06.04.2026
2959
Ankarada 2026-njy ýylyň şygaryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.
05.04.2026
3349
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary halkymyzy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny uly zähmet ýeňişleri bilen garşylamaga, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.
05.04.2026
3320
Ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi
Berkarar Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly aprel aýynyň ilkinji ýekşenbesinde ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň döwrebap atçylyk sport toplumynda hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi.
05.04.2026
2861
Ýylyň ilkinji aýlarynda Türkmenistan ähli pudaklarda ýokary netijeleri gazandy
Şu ýylyň birinji çärýeginiň jemlerini jemläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ösüş depginlerine ýokary baha berdi hem-de milli senenamadaky möhüm senä ünsi çekdi.
05.04.2026
3265
Türkmenistanyň nebit we gaz pudagy durnukly ösüşi görkezýär
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar – mart aýlarynda ýangyç-energetika toplumynyň (ÝET) işi baradaky hasabaty diňledi. Pudak ähli esasy ugurlar boýunça meýilleşdirilen meýilnama boýunça görkezijileri ep-esli artyk ýerine ýetirdi.
05.04.2026
2210
Ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6,3 göterim derejede durnukly ösüş depginini saklaýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
05.04.2026
1866
«Ahal» we «Şagadam» toparlary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatyna ýeňiş bilen başladylar
Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinde geçirilen iki duşuşyk bilen Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasyndaky futbol boýunça 34-nji çempionaty badalga aldy.
05.04.2026
2886
Günbatar sebitde gowaça ekişi gyzgalaňly barýar
Şu günler Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary Garagum derýasynyň boýundaky ekin dolanyşygyna degişli ýerlerde geljekki hasylyň düýbüni tutmak işlerini agrotehniki talaplar esasynda guramaçylykly amala aşyrýarlar.
05.04.2026
2474
«Türkmeniň taryhy kökleri» atly baýramçylyk sergisi guraldy
Lebap welaýat häkimliginiň, Baş bilim hem-de medeniýet müdirlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Türkmenabat şäherinde ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň bilelikdäki Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli «Türkmeniň taryhy kökleri» atly baýramçylyk sergisi guraldy.
04.04.2026
2636
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny geçirdi.