29.02.2024
12750
Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlygy giňeldýärler
27-nji fewralda Kazana iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow Kazanyň milli barlag-tehnologik uniwersitetiniň (KMBTU-KHTI) rektory Ýuriý Kazakow bilen duşuşdy.
29.02.2024
5798
Tahyr Ataýew: Hans Simmeriň sazlary arkaly syýahat
Tahyr Ataýewiň orkestriniň sazandalary tomaşaçylary Golliwudyň meşhur filmleriniň üsti bilen Hans Simmeriň janly sazyna syýahat etmäge çagyrdy. Nemes kompozitory Hans Simmere kino aýdym-sazynyň janly rowaýaty diýilýär.
29.02.2024
8814
Ahal welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde häzirki zaman lagym-suw arassalaýjy desga işe girizildi. Täze ýokary tehnologiýaly enjam bir gije-gündizde 20 müň kub metr lagym suwuny arassalamaga mümkinçilik berýär.
29.02.2024
4670
Paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Dynç günlerinde paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin gyzykly medeni çäreler garaşýar.
29.02.2024
5000
Günbatar sebitde ýaz ekişine taýýarlyk görülýär
Şu günlerde Balkan welaýatynyň Garagum derýasynyň boýundaky ekin meýdanlarynda şu ýazda boljak gowaça ekişine taýýarlyk işleri utgaşykly dowam edýär. Geljek hasylyň düýbüni mäkäm tutmaklyga gönükdirilen bu möhüm işler agrotehnikanyň talaplaryna laýyk alnyp barylýar.
29.02.2024
5611
Türkmenistanyň logistika kompaniýalary Astrahanda geçiriljek Üçünji halkara foruma gatnaşarlar
Türkmenistanyň ulag we logistika kompaniýalary 23ؘ–25-nji aprelde Astrahanda geçiriljek «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024» atly III halkara foruma gatnaşmaga çagyrylýar.
29.02.2024
5237
Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn tulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi N.Gölliýew Gyrgyz Respublikasynyň Ulag we aragatnaşyk ministri T.Tekebaýew bilen duşuşdy.
29.02.2024
4974
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň mejilisine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda, ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslemdirmek boýunça Hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisiniň çäklerinde Gurama agza-döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri mejlisiň işine gatnaşdylar.
29.02.2024
4780
Türkmen wekiliýeti Medeni dürliligi goramak we höweslemdirmek baradaky Hökümetara Komitetiniň 17-nji mejlisine gatnaşýar
2024-nji ýylyň 27-nji fewralyndan 1-nji marty aralygynda ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda Medeni dürliligi goramak we höweslendirmek baradaky Hökümetara Komitetiniň 17-nji mejlisi geçirilýär. Mejlisiň işine ÝUNESKO-nyň Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslemdirmek baradaky Konwensiýasyň Sekretariatynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeniýet boýunça orunbasary, Hökümetara Komitetine agza-döwletleriň we agzalan Konwensiýa agza-döwletleriň wekilleri we hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.
29.02.2024
4800
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi.