Hyzmatdaşlyk
03.07.2026
772
Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
03.07.2026
814
Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly Türki Döwletleri Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly (Stambul ş.) Owezgeldi Jumanazarow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Türki Döwletleri Guramasynyň Sekretariatynyň binasynda geçirildi.
02.07.2026
1147
Halkara zähmet guramasynyň Halkara zähmet standartlary departamentiniň direktory bilen geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Halkara zähmet standartlary departamentiniň direktory Korinn Warganyň arasynda duşuşyk geçirildi.
01.07.2026
1221
Türkmenistanda Keniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Keniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Jonah Maina Mwangiden ynanç hatyny kabul etdi.
01.07.2026
1246
Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 29-njy iýuny–1-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygyMergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa gulluk iş saparyny amala aşyrdy.
01.07.2026
1063
Türkmenistanyň wekiliýeti Parižde geçirilýän 9-njy Bütindünýä kongresine gatnaşýar
2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan 2-nji iýuly aralygynda Pariž şäherinde Fransiýanyň Hökümetiniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropa Geňeşiniň we birnäçe halkara hyzmatdaşlaryň goldawy bilen «Ölüm jezasyna garşy bilelikde» fransuz assosiasiýasy tarapyndan guralan 9-njy Bütindünýä ölüm jezasyna garşy kongresi geçirilýär.
30.06.2026
1148
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň wekili bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Ählumumy döwürleýin syn boýunça sebitleýin geňeşçisi Pawlo Býalikiň arasynda duşuşyk geçirildi.
30.06.2026
1162
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
30.06.2026
1013
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Awstriýa- Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy N.Berger bilen duşuşygy geçirildi.
30.06.2026
384
Türkmenistan we Hytaý ýokary hünär bilimi ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler
5-26-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň wekilleri «Merkezi Aziýa-Hytaý: önümçilik, okuw, ylym we tejribe ulgamynda hyzmatdaşlyk» atly foruma gatnaşmak üçin Hytaýyň Urumçy şäherine iş saparyny amala aşyrdylar.