Hyzmatdaşlyk
24.01.2025
3715
Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
23.01.2025
4655
GDA-nyň Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň - 2025 Konsepsiýasy hödürlenildi
2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Minsk şäherinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde Arkalaşygyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky agza döwletleriň Hemişelik ygtyýarly wekilleriniň birinji Geňeşi geçirildi.
23.01.2025
2972
Moskwa şäherinde GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynyň mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Moskwa şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynyň mejlisi geçirildi.
23.01.2025
4779
Baku şäherinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi.
22.01.2025
3770
Türkmenistanyň Kiýewdäki Ilçihanasynda dabaraly çäreler geçirildi
2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy, şeýle hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” başlanmagyna we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
22.01.2025
3869
Katarda ýylyň şygaryna bagyşlanyp çäre geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli tanaşdyryş dabarasy guraldy.
22.01.2025
3197
Türkmenistanyň YHG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili ynanç hatlaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ýanyndaky hemişelik wekili Ylýas Gaýypow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hana ynanç hatlaryny gowşurdy.
21.01.2025
4618
Türkmenistanda Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen, jenap Kristofer Daggany Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ukyp-başarnyklary öz üstüne ýüklenilen wezipeleri Siziň makullamagyňyza we hormatyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, onuň meniň adymdan aýtjak sözlerine, aýratyn-da, Siziň ýurduňyza rowaçlyk, gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
21.01.2025
4175
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-Habitat bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Katýa Şeferiň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
18.01.2025
5202
BMG-niň ştab-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň mejlisler zalynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi.