Hyzmatdaşlyk
24.11.2021
4890
Hyratda Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öwezowyň Hyrat şäherine bolan saparynyň çäklerinde Owganystanyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.
23.11.2021
4468
Türkmenistanyň wekilýeti Duşanbe şäherinde geçirilen «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» duşuşygyna gatnaşdy
Duşanbe şäherinde «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formatynda Merkezi Aziýa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
22.11.2021
4043
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň nobatdaky mejlisi
Şu gün Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň sanly ulgam arkaly komitetiň 5-nji mejlisi geçirildi.
21.11.2021
8454
Aşgabatda Bütindünýä çagalar gününi bellediler
Bütindünýä çagalar güni, başgaça aýdylanda, Bütindünýä çagalara ýardam güni 20-nji noýabrda tutuş dünýäde bellenýän baýramdyr. 1989-njy ýylyň şu gününde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy adam hukuklaryny ähli çagalara degişli etmek üçin, hökmany kanuny güýji bolan ilkinji halkara konwensiýany – Çaga hukuklary baradaky konwensiýany kabul etdi. Türkmenistan bu konwensiýa 1994-nji ýylda goşuldy we şondan soň ähli çagalaryň eşretli durmuşyny üpjün etmekde möhüm ösüş gazandy.
20.11.2021
4614
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna saýlandy
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş Konferensiýasynyň 41-nji mejlisinde Türkmenistan Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna 2021-2025-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
19.11.2021
4717
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Çon Yý-ýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
18.11.2021
8285
Pan Gi Muna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli medal gowşuryldy
2021-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli resmi çäre gurnaldy.
18.11.2021
4875
ABŞ-nyň Prezidenti Owganystandan raýatlary çykarmakda beren kömegi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi
ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Owganystandan raýatlary çykarmak işinde beren kömegi we hyzmatdaşlygy üçin hoşallyk bildirdi. Bu hakda ABŞ-nyň ýolbaşçysynyň milli Liderimiziň adyna iberen hatynda aýdylýar.
17.11.2021
4649
Türkmenistanyň wekilleri GDA agza ýurtlaryň Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň ýygnagyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow GDA agza ýurtlaryň Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň Moskwada geçirilen IX duşuşygyna gatnaşdy.
16.11.2021
3764
Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi
Şu gün Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň, şeýle-de onuň çäklerinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagynyň jemlerine hem-de 28-nji noýabrda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere bagyşlandy.