Hyzmatdaşlyk
03.11.2021
6117
COP-26 barada näme bilmeli?
Glazgoda BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň tarapdarlarynyň 26-njy sessiýasy geçýär.
02.11.2021
6894
Türkmenistan Bütindünýä «Ýaşyl ösüş» institutyny döretmek ylalaşygyna goşulýar
30-njy oktýabrda geçirlen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrlyşynyň maslahatynda 2012-nji ýylyň 20-nji iýunynda Rio-de-Žaneýroda kabul edilen «Bütindünýä «Ýaşyl ösüş» institutyny döretmek baradaky ylalaşyga goşulmak barada» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy tassyklandy. Ylalaşyk Bütindünýä «Ýaşyl ösüş» institutynyň («GGGI») döredilmeginiň esasy maksadyny, ykdysady ösüşi we daşky gurşawyň durnuklylygynyň deňagramly ösüşine garaýan täze ykdysady nusgasyny goldap, ýaýratmak arkaly, ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ösüşine goşant goşmak hökmünde kesgitledi.
01.11.2021
9534
Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli topary BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşýar. Bu ählumumy çäre Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde öz işine başlady.
31.10.2021
6774
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekiliýetleri hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine seredip geçdiler
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanda iş sapary bilen bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
29.10.2021
8336
Eýranyň paýtagtynda türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
2021-nji ýylyň 26-27-nji oktýabrynda Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 16-njy mejlisi Toparyň bilelikdäki başlyklary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri R.Gaseminiň gatnaşmagynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
28.10.2021
10109
Türkmenistanyň wekilýeti Owganystanyň goňşy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy
2021-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda EYR-nyň Tähran şäherinde Owganystanyň goňşy döwletleriniň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
27.10.2021
8062
Tähranda Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geneşmeler geçirildi
2021-nji ýylyň 26-28-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynda saparda bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
26.10.2021
9851
Türkmenistan bilen Gazagystan ulag pudagynda möhüm ylalaşyklar gazandy
Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ulag hem tranzit pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.
26.10.2021
7269
Kasym-Žomart Tokaýew döwlet Baştutanymyza Gazagystana türkmen gazyny ibermegi teklip etdi
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçen gepleşiklerde türkmen gazyny Gazagystan bazaryna ibermek meselesine garamagy teklip edipdir. Bu barada Gazagystanyň Baştutany Türkmenistana döwlet saparyndan soň geçirilen gysga metbugat duşuşygynda aýtdy.
24.10.2021
13052
24-nji oktýabr- Birleşen Milletler Guramasynyň halkara güni
1945-nji ýylyň 24-nji oktýabry Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen senesi bolup, bu sene her ýyl guramanyň agzasy bolan ýurtlarda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara güni hökmünde giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu halkara baýramçylyk biziň ýurdumyzda hem bellenilip geçilýär. Bu gurama dünýäde parahatçylygy, erkinligi, azatlygy, döwletleriň biri-birine bolan ynamyny ösdürmek maksady bilen döredilýär.