Hyzmatdaşlyk
18.08.2021
6441
Türkmenistanyň Mazari-Şerif we Hyrat şäherlerindäki Baş konsullar «Taliban» hereketiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler
Türkmenistanyň Mazari-Şerif şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi.
18.08.2021
4858
Türkmenistanyň döwlet edaralary döwlet serhedini goramak meselesinde «Talyban» hereketiniň wekilleri bilen aragatnaşyk saklaýar
“Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň we beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri döwlet serhedini goramak, serhetden ýük geçirilende, gümrük, sanitariýa, fitosanitar we beýleki barlaglardyr gözegçiliginiň görnüşlerini üpjün etmek boýunça “Talyban” hereketiniň wekilleri bilen sazlaşykly aragatnaşyk saklaýarlar” diýip, Daşary işler ministrligi habar berýär.
18.08.2021
3564
Aşgabat Owganystanda täze döwlet edaralarynyň tiz wagtda dörediljekdigine ynanýar
Resmi Aşgabat Owganystanda ýagdaýyň tizden-tiz kadalaşmagy ugrunda çykyş edýär we ýakyn wagtda Owganystanda ýaşaýan ähli etnik toparlaryň giňden gatnaşmagynda bu ýurtda kanun esasynda täze döwlet edaralarynyň dörediljekdigine ynam bildirýär. Bu hakda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goňşy ýurtdaky ýagdaý bilen baglanyşykly beren beýanatynda aýdylýar.
18.08.2021
3151
Türkmenistanyň Owganystandaky diplomatik we konsullyk edaralary kadaly ýagdaýda işleýär
“Owganystanyň häzirki içerki syýasy ýagdaýy bilen baglanyşyklylykda Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasy we Hyrat hem Mazari-şerifdäki Baş konsullyklary kadaly ýagdaýda işlemegini dowam etdirýärler” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
16.08.2021
5827
Ýaponiýanyň premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini türkmen milli ýygyndy toparynyň Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryndaky üstünlikleri bilen gutlady
Ýaponiýanyň premýer-ministri Ýosihide Suga Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen milli ýygyndy toparynyň Tokio Olimpiýa oýunlarynda üstünlik gazanmagy bilen gutlady.
16.08.2021
5950
Gazagystanyň Baştutany Merkezi Aziýa sammitini geçirendigi üçin, Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli garşylandygy we myhmansöýer türkmen topragynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyny ajaýyp gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
16.08.2021
4354
Japarow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üstünlikli geçen konsultatiw duşuşygy üçin Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynyň ýokary derejede guralandygy we Gyrgyzystanyň wekiliýetine görkezen myhmansöýerligi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
14.08.2021
5835
Türkmenistan bilen Gazagystan Awazada gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministriň orunbasary we Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi.
12.08.2021
4716
Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan barada Katarda geçiriljek gepleşiklere gatnaşýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasy bilen “Talyban” hereketiniň arasynda geçirilýän parahatlyk baradaky gepleşiklere ýardam etmek boýunça halkara duşuşyga gatnaşýar.
11.08.2021
3377
BMG-nyň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy ýurduň DIM-inde gepleşikler geçirdi
Wise-premýer, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredow Aşgabada gelen BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi.