Hyzmatdaşlyk
26.10.2021
7479
Kasym-Žomart Tokaýew döwlet Baştutanymyza Gazagystana türkmen gazyny ibermegi teklip etdi
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçen gepleşiklerde türkmen gazyny Gazagystan bazaryna ibermek meselesine garamagy teklip edipdir. Bu barada Gazagystanyň Baştutany Türkmenistana döwlet saparyndan soň geçirilen gysga metbugat duşuşygynda aýtdy.
24.10.2021
13200
24-nji oktýabr- Birleşen Milletler Guramasynyň halkara güni
1945-nji ýylyň 24-nji oktýabry Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen senesi bolup, bu sene her ýyl guramanyň agzasy bolan ýurtlarda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara güni hökmünde giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu halkara baýramçylyk biziň ýurdumyzda hem bellenilip geçilýär. Bu gurama dünýäde parahatçylygy, erkinligi, azatlygy, döwletleriň biri-birine bolan ynamyny ösdürmek maksady bilen döredilýär.
23.10.2021
7783
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana döwlet saparynda bolar
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana döwlet saparynda bolar. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow meýilleşdirilen döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
22.10.2021
8182
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy şanly senelere bagyşlanan tegelek stol geçirdi
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasy eziz Diýarymyzyň taryhy şanly senelerine – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna we Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirdi.
22.10.2021
6380
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň wekili bilen gepleşikler geçirildi
2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Sebitleýin edarasynyň Direktory Wiorel Gusu bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
21.10.2021
7640
«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 20-nji duşuşygy geçirildi
2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň ýigriminji mejlisi göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
21.10.2021
6287
Türkmenistanyň wekilýeti Owganystan boýunça geňeşmeleriň Moskwa formatynyň mejlisine gatnaşdy
2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Moskwada, RF-de Owganystan boýunça geňeşmeleriň Moskwa formatynyň mejlisi geçirildi. Çärä 10-dan gowrak döwletleriň wekilleri, şol sanda owgan hökümetiniň wekiliýeti hem gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
18.10.2021
8409
Türkmenistan — Russiýa: parlamentara gatnaşyklar ösdürilýär
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
14.10.2021
13708
Türkmenistan we BMG maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça onlaýn maslahaty geçirdi
13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
13.10.2021
13407
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň gatnaşmagynda guralan III Ýewraziýa zenanlar forumynyň işine gatnaşdy. Gibrid görnüşde geçirilen duşuşygyň esasy mowzugy “Zenanlar: täze döwürdäki ählumumy wezipe” diýlip atlandyryldy.