Hyzmatdaşlyk
13.10.2021
12126
Türkmenistan Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň mejlisine gatnaşdy
2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Nur-Soltan şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gazagystana sapary guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
13.10.2021
5155
Türkmenistanyň we Hindistanyň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2021-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
08.10.2021
10842
Türkmenistanyň DIM-de BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory bilen duşuşyk geçirildi
2021-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşygy geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
07.10.2021
11400
Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýoly bilen
Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
06.10.2021
13747
DIM-leriniň arasynda türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi
2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda sanly wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň hem-de Rumyniýanyň DIM-niň degişli departamentleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
01.10.2021
19092
Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Owganystanyň DIM-de gepleşikler geçirdi
2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezowyň Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Muttaki bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
23.09.2021
33627
«C5+1» formatynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň duşuşygy geçirildi
2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «C5+1» formatyndaky onlaýn duşuşygy geçirildi. Bu barada DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
22.09.2021
32366
Aşgabatda Türkmenistanyň hökümetiniň BMG bilen bilelikdäki Maksatnamasyna gol çekildi
21-nji sentýabrda «Bütindünýä pandemiýa bilen baglanşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly BMG bilen bilelikdäki Maksatnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
21.09.2021
24961
Türkmenistanyň DIM-de ÝUNISEF-iň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bile duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzda öz işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasynyň baştutany Kristin Weýgand bilen duşuşygy geçirdi.
18.09.2021
15393
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-ni ýurdumyzyň COVID-19 ýokanjyna garşy başlangyjyny goldamaga çagyrdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynda ŞHG-iň pandemiýa garşy göreşde türkmen başlangyçlaryny goldamagynyň bütin dünýäniň bähbidine laýyk gelýändigini belledi. Bu barada milli Liderimiz ŞHG-niň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň ýubileý mejlisinde çykyş edende aýtdy.