Hyzmatdaşlyk
23.05.2026
1426
Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak ugrunda ädimlerini işjeňleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi hem-de birnäçe täze teklipleri hödürledi.
22.05.2026
3349
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlislerine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 21-22-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisine gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde saparda boldy.
22.05.2026
2794
Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy we SHOM jemgyýetçilik birleşigi bilen halkara hyzmatdaşlykda zenanlaryň ornuna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdiler
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde dabaraly çäre geçirildi.
22.05.2026
3976
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama kabul edildi
2026-njy ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
21.05.2026
3172
Türkmen-ýapon Parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugurlary ara-alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Spikeri Eisuke Mori bilen duşuşygy geçirildi.
21.05.2026
2888
Aşgabatda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda DIM-ara geňeşmeleri geçirildi
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi.
21.05.2026
2833
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
21.05.2026
2666
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Rumyniýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A. Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministri hanym Oana-Silwiýa Tsoýu bilen duşuşdy.
21.05.2026
2560
Koreýa Respublikasynyň Intellektual eýeçilik ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Seulyň «Lotte» otelinde Koreýa Respublikasynyň Intellektual eýeçilik ministri Kim Ýon Son bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi.
21.05.2026
2153
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Şagyzy Takamado bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Imperator maşgalasynyň agzasy, Şagyzy Takamado bilen duşuşygy geçirildi.