Hyzmatdaşlyk
19.03.2026
4698
Pekinde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji martynda Pekinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň HHR-iň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.
18.03.2026
4648
Tbiliside Halkara Nowruz gününiň dabaraly bellenilmegi: medeniýetleriň we däp-dessurlaryň jebisligi
2026-njy ýylyň 17-nji martynda Tbilisi şäheriň taryhy merkezi bolan Abanotubanide, häkimligiň goldaw bermeginde hem-de Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň ilçihanalarynyň, diasporalaryň we medeni merkezleriň gatnaşmagynda Halkara Nowruz baýramy bellenildi.
18.03.2026
5327
Ýaponiýanyň Çiba uniwersitetinde 2026-njy ýylyň şygaryna – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» bagyşlanan tegelek stol geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji martynda Çiba uniwersitetinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi.
18.03.2026
3345
BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň (UNHCR) Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Mahir Safarli bilen duşuşygy geçirildi.
18.03.2026
3824
Türkmenistanyň DIM-nde Niderlandlar Patyşalygynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Nikolaas Shermersiň arasynda duşuşyk geçirildi.
17.03.2026
3108
Türkmenistanyň DIM-de Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň Baş sekretary bilen gepleşikler geçirildi
2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Baş sekretary, Ilçi Kaýrat Sarybaý bilen duşuşygy geçirildi.
17.03.2026
3692
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi öz ýurduna berlen ynsanperwer kömek üçin hoşallyk bildirdi
Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aly Mojtaba Ruzbehani 16-njy martda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat maslahatyny geçirdi. Duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we ynsanperwer hyzmatdaşlyga bagyşlandy.
14.03.2026
5240
Ynsanperwer ýörelgeleri dowam etdirip
Mübärek Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna we çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik ýüki ugradyldy.
14.03.2026
4339
Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň dünýäniň deňiz gatnawlary bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak meseleleri wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynyň esasy mowzugy boldy.
14.03.2026
3912
Türkmenistanyň DIM-de Halkara Gyzyl Haç Komiteti bilen hyzmatdaşlygyň ynsanperwer gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Bilýana Miloşewiç bilen duşuşygy geçirildi.