Hyzmatdaşlyk
27.02.2026
3955
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda syýasy dialogy çuňlaşdyrmagyň, söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
26.02.2026
3872
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekiliniň Parlamentara Bileleşiginiň Baş sekretary bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili W.Hajiýewiň Parlamentara Bileleşiginiň (PAB) Baş sekretary Martin Çungong bilen duşuşygy geçirildi.
26.02.2026
3673
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi.
26.02.2026
3815
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Parlamentindäki duşuşyklar
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl bilen duşuşygyna gatnaşdy.
26.02.2026
3203
Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň atçylyk gwardiýasynyň ýerleşýän ýerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri Lord Rodni Kouker bilen duşuşygyna gatnaşdy.
26.02.2026
4243
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Şazada Edward bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň hökümet binasy bolan Lankaster-hausda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Şazada Edward, Edinburg Gersogy bilen duşuşygy geçirildi.
26.02.2026
2419
Türkmenistan we BMG hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerindäki gazanylan üstünlikleri we geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda gibrid görnüşde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky mejlisi geçirildi.
24.02.2026
3645
Türkmenistan – Gruziýa: hoşniýetli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Premýer-ministri I.Kobahidze bilen duşuşdy.
24.02.2026
4016
Türkmenistanyň we Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Zimbabwe Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
24.02.2026
3635
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Zimbabweniň Daşary işler we halkara söwda boýunça Hemişelik sekretary bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen, Türkmenistanyň we Zimbabweniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçiriljek syýasy geňeşmelere gatnaşmak üçin wekiliýetiň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen, Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda boýunça Hemişelik sekretary Albert Ranganaý Çimbindiniň arasynda duşuşyk geçirildi.