Hyzmatdaşlyk

14.03.2023
1937
Türkmenistanyň wekiliýeti Parlamentara bileleşiginiň Assambleýasynyň hem-de Goşulyşmazlyk Hereketiniň çärelerine gatnaşýar
Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary G.Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 11-15-nji marty aralygynda Manama şäherinde (Bahreýn Patyşalygy) geçirilýän Parlamentara bileleşiginiň 146-njy Assambleýasynyň işine gatnaşýar. Assmableýanyň işine 117 sany daşary ýurt parlament wekiliýetleri gatnaşýar. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

11.03.2023
1970
Türkmenistanyň DIM-nde Eýranyň Wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow "Azyk howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk" atly halkara maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Eýranyň wekiliýetiniň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Wise-prezidenti, Daşky gurşawy goramak boýunça guramasynyň başlygy Ali Salajege bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat-gullugy habar berýär.

10.03.2023
2205
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary ÝB-niň Ilçisi bilen duşuşdy
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

10.03.2023
1859
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda MHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy
2023-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy jenap Zeýnal Gajiýew bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

09.03.2023
2197
Duşenbede türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 8-9-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna sapary boldy.

09.03.2023
1689
Türkmenistanyň DIM-nde GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary I.Nematow bilen duşuşyk
2023-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Aşgabada Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň meýilleşdirilýän saýlawlaryna syn etmek üçin GDA-nyň synçylar toparynyň ştabyny açmak boýunça iş toparynyň ýolbaşçylygynda gelen GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow bilen duşuşygy geçirildi.

09.03.2023
1955
Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-german hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mihael Uwe Birhoff bilen duşuşygy geçirildi.

09.03.2023
1618
Türkmenistanyň DIM-nde BAE-niň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy martynda, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hameliniň arasynda gepleşikler geçirildi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

03.03.2023
2440
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň mejlisiniň işine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 1-2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 137-nji mejlisiniň işine gatnaşdy.

03.03.2023
2176
Türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär
2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Howdan-Bajgyran» gözegçilik-geçiriş ýerinde, iki ýurduň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy we gepleşikler geçirildi. Duşuşykda türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmegiň möhüm meselelerine we ileri tutulýan ugurlaryna seredildi. Bu barada ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.