mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hyzmatdaşlyk

news-photo

19.11.2026

total-veiw

1268

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň Italiýanyň Deputatlar palatasynyň deputaty, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti Eudjino Zofili bilen duşuşygy geçirildi. 

news-photo

19.11.2026

total-veiw

1001

Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Ilat gaznasynyň ýurt boýunça direktory bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonna bilen duşuşyk geçirdi.

news-photo

19.11.2026

total-veiw

1081

Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň Ösüş we intellektual eýeçilik boýunça komitetiniň 37-nji mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň hem-de Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň wekillerinden düzülen Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 16–20-nji noýabry aralygynda Ženewa şäherinde geçirilýän Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (WIPO) Ösüş we intellektual eýeçilik boýunça komitetiniň 37-nji mejlisiniň işine gatnaşýar.

news-photo

18.11.2026

total-veiw

1551

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Halkara hukugy we bitaraplyk meseleleri boýunça üçünji Aşgabat maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň demografik meseleler boýunça wise-başlygy, Awstriýanyň parlamentiniň agzasy Gudrun Kugler bilen duşuşdy.

news-photo

18.11.2026

total-veiw

1193

Yslamabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Ishak Daryň bilelikde başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi.

news-photo

18.11.2026

total-veiw

722

Türkmen hünärmenleri suw hyzmatdaşlygy boýunça sebit forumyna gatnaşarlar

Şu ýylyň 24 – 25-nji noýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde «Blue Peace Central Asia» (BPCA) başlangyjynyň çäklerinde suw hyzmatdaşlygy meselelerine we 2027-nji ýyl üçin işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge bagyşlanan sebit duşuşygy geçiriler.

news-photo

18.11.2026

total-veiw

1534

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy

2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Ishak Dar bilen duşuşygy geçirildi.

news-photo

17.11.2026

total-veiw

1655

Parlamentara dialog boýunça netijeli hyzmatdaşlyk ilerledilýär

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bitaraplyk syýasatyna we parlament diplomatiýasyna bagyşlanan ýokary derejeli üçünji Aşgabat maslahatynyň açylyş dabarasy hem-de birinji mejlisi geçirildi.  

news-photo

17.11.2026

total-veiw

1744

«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideokonferensiýa geçirildi

2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideokonferensiýa geçirildi.

news-photo

17.11.2026

total-veiw

1720

Türkmenistanyň wekiliýeti Sebitara howpsuzlyk we özara baglanyşyk meseleleri boýunça ikinji ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler boýunça Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Sebitara howpsuzlyk we özara baglanyşyk meseleleri boýunça ikinji ministrler duşuşygy geçirildi.

...461