Hyzmatdaşlyk
03.08.2026
1501
Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda
2026-njy ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi.
01.08.2026
1189
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna ýokary jogapkärçilik bilen taýýarlanýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.
01.08.2026
932
Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýokary derejeli sammitiň gün tertibiniň taslamasyny hödürledi
Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň esasy ugurlaryny beýan etdi.
01.08.2026
671
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary derejeli wezipeli adamlarynyň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda Astana şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary derejeli wezipeli adamlarynyň üçünji mejlisine gatnaşdy.
30.07.2026
3181
Türkmenistanyň Ilçisi UNESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary A.S. Alişahbana bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Maşalow Taýland Patyşalygyna gulluk iş saparynyň çäklerinde Bangkok şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) edarasynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, UNESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiýa Alişahbana bilen duşuşyk geçirdi.
30.07.2026
2587
Pekinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan Türkmen-Hytaý dialogy geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy iýulynda, Pekin şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan Türkmen-Hytaý dialogy geçirildi. Çäre türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barmagynda şu ýylyň 15-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine we onuň dowamynda kabul edilen wajyp çözgütlere bagyşlandy.
29.07.2026
2780
Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Boumediene Guennaddan ynanç hatyny kabul etdi.
29.07.2026
1898
Aşgabatda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy 29-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa edarasynyň başlygynyň orunbasary Ramazan Seçilmiş bilen duşuşygy geçirildi.
29.07.2026
1724
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda Konsullygyň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy hem-de Halk Maslahatynyň ähmiýetini ýaşlara wagyz etmek mynasybetli maslahat geçirildi.
29.07.2026
880
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji mejlisine gatnaşdy
Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji mejlisi öz işini tamamlady. Oňa bu guramanyň agzasy bolan 196 döwletiň, takmynan, 3000 wekili gatnaşdy.