Medeniýet
20.06.2021
9080
Sarry Garryýew -- «Aladdiniň jadyly çyrasyndaky» arwah
1966-njy ýylda «Müň bir gije» arap ertekilerinň äheňinde düşürilen «Aladdiniň jadyly çyrasy» atly film kino ekranlaryna çykdy. Film Türkmenistandan has uzakda, Maksim Gorkiý adyndaky çagalar we ýetginjekler filmleriniň Merkezi kinostudiýasynda surata düşürilipdi, ondaky baş keşpleriň birini türkmen aktýory Sary Garryýew janlandyrypdy.
20.06.2021
28916
Gül bilen Bilbil bir-birine gowuşýar
Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda şu ýyl doglan gününe 300 ýyl dolýan Abdylla Şabendäniň dessany esasynda «Gül-Bilbil» operasy taýýarlanyldy. Operanyň sazyny Türkmensitanyň halk artisti Hudaýnazar Amangeldiýew, librettosyny Türkmensitanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow ýazdy. Ony Türkmensitanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrow sahnada goýdy.
18.06.2021
9629
«Çöl gämisi» – düýe
Elbetde, düýeleriň şanyna bedewleriňki ýaly goşgy goşulyp, halk döredijiliginde olaryň waspy ýetirilmese-de, türkmenler bu jandara uly sarpa goýupdyrlar, çünki hojalykda onuň belli bahasy ýokdur.
17.06.2021
6847
Ýaşlaryň režissura sungaty
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kino we teleradio sungatlary kafedrasynyň uçurym-talyplary diplom işlerini goradylar. Ýaş režisýorlar synag toparynyň agzalarynyň dykgatyna tutuş okuw ýylynyň dowamynda düşüren awtorlyk filmleriniň 12-sini hödürlediler.
17.06.2021
3704
Ýekaterina Begenjewa tansa çagyrýar
Horeograf Ýekaterina Begenjewanyň tans toparynyň agzalary «Watan» kinokonsert zalynyň sahnasynda tansda küşt döwüni oýnadylar. Netijede oýun ak toparyň ýeňşi bilen tamamlandy, bu bolsa ýagşynyň ýamandan rüstemdigini tassyklaýar.
16.06.2021
7463
Saza bagyşlanan ömür... Suhan Tüýliýewiň döredijilik ýoly
7-nji iýunda türkmen kompozitory, ýurdumyzyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew 65 ýaşynyň toýuny toýlady.
10.06.2021
9178
Türkmen teatr ussady Muhammet Bekiýewiň döredijilikli ýoly
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgärleriniň hatarynda tanalýan, ussat, halypa artisleriň biri Muhammet Bekiýew barada gürrüň etmek örän ýakymly.
08.06.2021
4802
Çäksiz sungat: Gazagystanyň Ilçisi Türkmensitanyň simfoniki orkestrine hormat hatlaryny gowşurdy
Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň adyndan dirižýor Resul Gylyjowa Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri üçin, şeýle hem aýdymçylar Leýli Ökdirowa we Nury Nuryýewe hormat hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy.
06.06.2021
4244
Kazanda geçiriljek türki halklaryň «Nauruz» XV Halkara teatr festiwalynda türkmenistanlylara garaşýarlar
6-njy iýundan 11-nji iýun aralygynda Kazanda türki halklaryň «Nauruz» XV Halkara teatr festiwaly geçiriler. Onda Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, şeýle hem Russiýanyň milli respublikalaryndan teatrlaryň 28-si çykyş eder – diýip kazan.aif.ru habar berýär.
06.06.2021
6933
6-njy iýun BMG-de Rus diliniň güni we beýik rus şahyry A.S. Puşkiniň doglan güni
Beýik rus şahyry A.S. Puşkiniň doglan güni bolan 6-njy iýunda köp dilliligi we medeni köpdürlüligi goldamak hem-de ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde BMG-de Rus diliniň güni bellenilýär. Bu maksatnamanyň esasy maksatlarynyň biri – BMG-de alty resmi diller bolan : iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dilleriniň deňhukuklylygyny goldamakdyr.