Medeniýet
06.06.2021
4142
Dosta wepalylygyň, şähdaçyklygyň, nepisligiň we aklyň muşdagy
Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň doglan gününiň 222 ýyllygyna bagyşlap A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry bolan wakalar esasynda diýen özüne çekiji takyklama bilen «Dostlar, ne ajap biziň jemligimiz!» atly täze spektakl taýýarlady. Adyndan belli bolşy ýaly, ol beýik şahyryň liseýde okan döwrüne bagyşlanypdyr. Pýesanyň awtory we ony goýan režisýor – Türkmenistanyň at gazanan artisti Natalýa Laukert.
05.06.2021
3989
Resul Gylyjow: diňlenmäge mynasyp üç konsert...
6-njy iýunda sagat 19-da Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Çarli Çapliniň «Oglanjyk« filmi» atly konsert bolar. Çäre «Oglanjyk» atly doly metražly sözsüz amerikan filminiň görkezilmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp guralýar. Bu tragikomediýanyň Çarli Çaplin üçin aýratyn ähmiýeti bardy: filmde kinematografiýa ýyldyzy kompozitor, ssenariçi, režisýor, aktýor we produsser hökmünde çykyş edipdi.
03.06.2021
4869
Aýbölek Muhyýewanyň solo konserti
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen döwlet konserwatoriýasynda halkara bäsleşikleriň ýeňijisi, aşgabatly sazsöýüjilere diýseň tanyş Aýbölek Muhyýewanyň solo konserti boldy.
02.06.2021
16182
Halkara surat bäsleşigi: öz bagtly çagalygy barada 15 ýurduň çagalary gürrüň berdiler
1-nji iýunda Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň galereýasynyň gapylary «Bagtly çagalyk» atly çaga çeken suratlaryň Halkara bäsleşigi üçin myhmansöýerlik bilen açyldy. Bu waka Çagalary goramagyň halkara gününde iň ýalkymyly biri boldy. On bäş sany ýakyn we uzak ýurtlaryň çagalary bäsleşige tutuş galereýany dolduryp, sergä gelenleri mähir, ýylylyk, aladasyz we bagtly çagalyk howasy bilen gurşap alan 1735 suraty iberipdirler. Sergä goýlan suratlaryň 372-siniň awtorlary türkmen çagalarydyr.
30.05.2021
18285
Türkmenistanda ilkinji çagalar bagynyň döreýiş taryhy: köşüli körpeler
Turkmenistanda çap bolan ilkinji çagalar kitaby nämedi?
Ol ol näme üçin mekdep ýaşyna ýetmedik çagala bagyşlanypdy?
Bu soraglara jogap bermek üçin, tas 100 ýyl diýen ýaly yza gaýtmaly bolýarys.
30.05.2021
4944
Aktýor Andreý Pawlow: meniň Magtymgulym
«Türkmen teatr sungaty» bäsleşiginiň «Iň gowy erkek roly» diýen baýragyny alan Andreý Pawlow bilen onuň iş ýerinde – A.S.Puşkin adyndaky Türkmen döwlet rus teatrynda duşuşdyk.
29.05.2021
6676
Däp-dessurlary dowam etdiriji: sazanda Baýrammyrat Söýünowyňkyda myhmançylykda
Nebit-gaz toplumynyň Aşgabatdaky Medeni-işewürlik merkezinde her gün dutaryň özboluşly sesini we bagşylaryň aýdymyny “jähekleýän” gyjagyň owazy ýaňlanýar. Türkmen sazynyň muşdaklarynyň çuňňur söýgüsini gazanan bu milli halk saz gurallary ansamblyna Türkmenistanyň halk artisti, gyjakçy Baýrammyrat Söýünow ýolbaşçylyk edýär.
28.05.2021
3191
Ýekaterina Roždestwenskaýanyň kitabynyň bir baby «Garagumuň ýalkymyna» we türkmen tagamlaryna bagyşlanypdyr
Sank-Peterburgyň köşk meýdançasynda «Kitap salony – 2021» atly uly edebi festiwal geçýär. Bu halkara forum indi 15-nji gezek geçirilýär we bu gün medeni meýdançada GDA-dan, Aziýadan, Ýewropadan kitap sergisine iberilen täze eserler görkezilýär.
27.05.2021
5635
Taryhy-medeni miras halkyň müdimi baýlygydyr
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
27.05.2021
6880
Özbek şahyry Abdylla Arypowyň eserleri türkmen diline terjime edildi
Özbegistanyň Gahrymany Abdylla Arypowyň türkmen dilinde neşir edilen saýlanan eserleriniň tanyşydyrylyş dabarasy geçirildi.