Medeniýet
07.03.2025
4963
«Parahat ýurdumyň reňklere siňen gözelligi» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi
Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli ýaş suratkeşleriň arasynda «Parahat ýurdumyň reňklere siňen gözelligi» atly yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
06.03.2025
2540
Türkmenistanly senetçi zenanlar Hytaýyň wekilleri bilen döredijilikli gepleşik geçirdiler
Halkara zenanlar güni – bu, ozaly bilen, dürli ýurtlaryň we medeniýetleriň zenanlaryny birleşdirýän gözellik baýramydyr. Şu günler tutuş ýurtda bu baýramçylyga bagyşlanan çäreler geçirilýär. Olary özgertmelere höweslendirilýär, tejribe we pikir alyşmaga meýdança döredilýär.
06.03.2025
3073
Aşgabatda türkmenistanly we eýranly zenanlaryň dostlukly duşuşygy bolup geçdi
Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi «Zenanlaryň maşgalanyň binýadyny berkitmekdäki orny» at bilen duşuşyk gurady.
05.03.2025
2639
Bäsleşige gatnaşan ýaş kompozitorlaryň konserti boldy
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we ÝUNESKO tarapyndan guralyp, ýurdumyzda geçirilen ýaş kompozitorlaryň bäsleşiginiň netijeleri jemlendi.
05.03.2025
3784
«Talyp gözeli – 2025» bäsleşigi jemleýji tapgyryna taýýarlanýar
Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde «Talyp gözeli» atly bäsleşigi geçirilýär. Bu bäsleşik diňe bir oňa gatnaşyjylaryň mylaýymlygyny we zehinini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, halkymyzyň baý medeni mirasyna, sungatyna we däp-dessurlaryna has gowy düşünmäge kömek edýär.
05.03.2025
5010
«Ukraina-Türkmenistan: medeni gatnaşyklary özara baýlaşdyrmak» taslamasynyň çäginde Magtymguly Pyragynynyň ukrain dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 2-nji martynda Kiýew şäheriniň Magtymguly adyndaky kitaphanasynda «Ukraina-Türkmenistan: medeni gatnaşyklary özara baýlaşdyrmak» taslamasynyň çäginde Magtymguly Pyragynyň «Маґтимґули Пираґи.
04.03.2025
5366
Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda dabaraly maslahat geçirildi
4-nji martda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Ösüşlere beslenen täze döwrüň buýsançly zenanlary» atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagyndaky maslahat Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirildi.
04.03.2025
5068
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleri Balkan welaýatynda çykyş edýärler
Paýtagtymyzdaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleri kämil sahna eserleri bilen tomaşaçylara çäksiz şatlyk paýlap, olaryň hoşallyklaryna mynasyp bolýarlar.
04.03.2025
5401
Halypa bagşynyň doglan gününe bagyşlanan maslahat we konsert
Berkarar Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimize, sungatymyza goýýan belent sarpasy halkymyzyň ruhy dünýäsiniň has-da galkynmagyny üpjün edýär.
04.03.2025
3912
Zenan suratkeşleriň işleriniň sergisi açyldy
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Sergi merkezinde öňden gelýän asylly däp bar. 8-nji mart – Halkara zenanlar gününe diňe zenan suratkeşleriň işleriniň sergileri guralýar.