Sport
31.05.2025
3310
Aşgabatda Ýewropa güni we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ylgaw boýunça sport ýaryşy geçirildi
Şu gün Aşgabatda baýramçylyk ruhunda geçirilen köpçülikleýin ylgawa dürli ýaşdaky 500-den gowrak adam gatnaşdy.
29.05.2025
4518
Futbol boýunca 2026-njy ýyldaky Aziýa Kubogy ýaryşynyň saýlama oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň garşydaşlary kesgitlenildi
Şu gün Malaýziýanyň paýtagtynda geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda futbol boýunça 2026-njy ýyldaky Aziýa Kubogy saýlama ýaryşyna bije çekişlikde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň garşydaşlary Iordaniýanyň, Taýwanyň we Butanyň milli ýygyndy toparlary diýlip kesgitlenildi.
29.05.2025
5257
Futzal boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň Aşgabat tapgyry başlandy
Futzal boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň Aşgabat tapgyry Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda 8-nji tapgyryň duşuşyklary bilen başlandy.
29.05.2025
3140
Türkmenistanda Ýewropa gününi bellemegiň çäklerinde köpçülikleýin ylgaw boýunça ýaryş geçiriler
31-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanda Ýewropa gününi bellemegiň çäklerinde 2, 5 we 10 kilometr aralyga parahatçylyk we ynanyşmak ruhunda köpçülikleýin ylgaw boýunça ýaryş geçiriler.
28.05.2025
6577
«Arkadag» futbol topary «Altyn asyr» toparyndan üstün çykdy
«Arkadag» futbol topary ýokary liganyň klublarynyň arasynda geçýän Türkmenistanyň futbol çempionatynda ýene bir ýeňiş gazandy. Aşgabadyň Büzmeýin etrabyndaky stadionynda geçen 3-nji tapgyryň wagtynda geçirilmedik duşuşygynda Wladimir Baýramowyň şägirtleri 2018-nji ýyldaky AFK kubogynyň finalçysy bolan paýtagtyň «Altyn asyr» toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi.
28.05.2025
2648
Türkmenistan we Katar futbol babatda hyzmatdaşlyk ederler
Türkmenistan we Katar futbol pudagynda hyzmatdaşlyk ederler. Bu sport pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow we Kataryň Futbol assosiasiýasynyň prezidenti Jassim bin Raşid Al Buenaýn gol çekdiler.
27.05.2025
4315
Röwşen Meredow Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk edip, täze jogapkärçiligi boýnuna aldy
2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogy ýaryşynyň saýlama oýunlarynda Taýland bilen duşuşyga iki hepde galanda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna täze baş tälimçi bellenildi.
26.05.2025
4937
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary Daşkentde geçirilýän CAFA 2025 çempionatynda Owganystanyň toparyny ýeňdi
Türkmen futbolçylary Özbegistanyň Daşkent şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň arasynda geçirilýän Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionlygy ugrundaky göreşi ýeňiş bilen başladylar. Alty ýurduň wekillerini bir ýerde jemlän ýaryşyň ilkinji duşuşygynda ildeşlerimiz owganystanly deň-duşlaryndan 1:0 hasabynda üstün çykdylar.
25.05.2025
3598
Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni giňden belleniler
3-nji iýunda Bütindünýä welosiped gününi bellemek üçin Türkmenistanda birnäçe sport çäreleri guralar.
25.05.2025
4490
Mary şäherinde çagalar futbol festiwaly geçirildi
AFK-nyň amala aşyrýan köpçülikleýin futbol gününiň çäginde şu gün Mary şäherinde geçirilen çagalar futbol festiwalyna 250-den gowrak ýaş futbolçy gatnaşdy.