Sport
06.08.2026
4138
Welosipedçileriň halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary başlandy
Paýtagtymyzda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi welosport klubynyň türgenleri bilen Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna badalga berildi.
05.08.2026
4182
Türkmen karateçileri Aktau şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynda 21 medal gazandylar
Türkmen türgenleri Gazagystanyň Aktau şäherinde tamamlanan karateniň WKF görnüşi boýunça Merkezi Aziýanyň 11-nji çempionatynda dürli derejeli 21 medaly gazandylar.
03.08.2026
4057
«Arkadag» futbol topary üçünji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogyny gazandy
«Arkadag» futbol topary yzly-yzyna üçünji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogynyň eýesi boldy. Döwlet ähmiýetli Arkadag şäherine wekilçilik edýän topar Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşykda «Ahal» toparyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, bu üstünligi gazandy.
03.08.2026
3673
Türkmen karateçileri Aktau şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň çempionatynda ýene-de 9 medal gazandylar
Türkmenistanly karateçiler Gazagystanyň Aktau şäherinde WKF görnüşindäki karate boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatynyň ikinji gününde ýene-de 9 medal gazandylar.
03.08.2026
3336
Türkmen türgenleri ýedi aýyň dowamynda 471 medal gazandylar
Şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda Türkmenistanyň türgenleri halkara ýaryşlarda jemi 471 medal gazanmagy başardylar. Bu barada hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 2026-njy ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow hasabat berdi.
03.08.2026
3111
Türkmenistanyň karateçileri Aktauda geçirilýän Merkezi Aziýanyň çempionatynyň ilkinji gününde 4 medal gazandylar
Gazagystanyň Aktau şäherinde başlanan WKF görnüşindäki karate boýunça Merkezi Aziýanyň 11-nji çempionatynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň türgenleri 4 medal – 1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç medal gazandylar.
01.08.2026
3077
2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda «Arkadag» bilen «Ahal» toparlary bäsleşer
2-nji awgustda paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda futbol duşuşygy geçiriler. Abraýly kubok üçin döwlet ähmiýetli Arkadag şäherine wekilçilik edýän «Arkadag» futbol topary bilen «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» topary güýç synanyşar.
01.08.2026
2330
«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna çykmak ugrunda Hindistanyň «Goa» topary bilen bäsleşer
«Arkadag» futbol topary halkara meýdançasyndaky nobatdaky möhüm synagynyň öňüsyrasynda dur. Türkmenistanyň çempiony AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň 2026/27 möwsüminiň deslapky saýlama tapgyrynda öz meýdançasynda Hindistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi bolan «Goa» topary bilen duşuşyp, toparçalaýyn tapgyryna çykmak ugrunda bäsleşer.
29.07.2026
3127
Ýaş türkmen tennisçi Aýlin Nuryýewa Buharada geçirilen halkara bäsleşikde ýeňiji boldy
Özbegistanyň Buhara şäherinde 9 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen halkara tennis ýaryşynda (Orange Ball) türkmen tennisçisi Aýlin Nuryýewa ýeňiji bolup, halkara derejede üstünlige ýetdi.
25.07.2026
4717
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynda Yragyň ýygyndysyny ýeňdiler
Türkmenistanyň tennis boýunça erkekler ýygyndysy Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde geçirilýän Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň Aziýa we Okeaniýa zolagynyň saýlama tapgyrynda Yragyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňip, möhüm üstünlige eýe boldy.