Wakalaryň jümmüşinde
16.09.2026
2881
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti hanym Klaudiýa Şeýnbauma we ýurduň ähli halkyna Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
15.09.2026
3673
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
Şu gün Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz 14-nji sentýabrda döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna bardy.
15.09.2026
2747
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisindäki çykyşy
Ilki bilen, şeýle abraýly we hormatly diňleýjileriň öňünde çykyş etmäge çakylyk üçin guramaçylara minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!
15.09.2026
2177
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy
Şu gün Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Ço Çon Sik bilen duşuşdy.
15.09.2026
1902
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Şu gün Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri hanym Han Son Sukuň arasynda duşuşyk geçirildi.
15.09.2026
1969
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy.
14.09.2026
2976
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna ugrady.
14.09.2026
2434
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
13.09.2026
3232
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat bolan Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi” atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi.
13.09.2026
2472
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Niderlandlar Patyşalygynyň “Pilbergen” atçylyk-sport toplumynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatyny we onuň bilen bagly halkara çäreleri geçirmäge beren goldawyňyz, bu çäreleriň guramaçylyk işlerine ýolbaşçylyk edendigiňiz hem-de olara hut özüňiziň gatnaşandygyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmäge rugsat beriň!