Ï Milli bahar baýramyna bagyşlanan maslahat we sergi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli bahar baýramyna bagyşlanan maslahat we sergi

view-icon 249
Milli bahar baýramyna bagyşlanan maslahat we sergi
Milli bahar baýramyna bagyşlanan maslahat we sergi
Milli bahar baýramyna bagyşlanan maslahat we sergi
Milli bahar baýramyna bagyşlanan maslahat we sergi
Milli bahar baýramyna bagyşlanan maslahat we sergi
Milli bahar baýramyna bagyşlanan maslahat we sergi
Milli bahar baýramyna bagyşlanan maslahat we sergi
Milli bahar baýramyna bagyşlanan maslahat we sergi
camera-icon
Merdan Orazow

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda türkmen halkynyň nurana dünýäsini şöhlelendirýän milli mirasymyzyň, mukaddes däp-dessurlarymyzyň öwrenilmegi, goralyp saklanylmagy we nesillere geçirilmegi üçin tutumly işler amala aşyrylýar.

Ata-babalarymyzdan gelýän milli baýramçylyklar bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhy bilen sazlaşyp, täze röwşe eýe bolýar. Ýurdumyzda bu baýramçylyklaryň mazmunyny we ähmiýetini açyp görkezmek, dabaralandyrmak maksady bilen dürli çärelere giň gerim berilmegi eşretli zamanamyzda geçirilýän şanly toýlarymyzyň üstüni ýetirýär. Merkezi Aziýada ýaşaýan halklaryň arasynda asyrlaryň dowamynda arzylanyp geçirilýän gadymy baýramlaryň biri-de Nowruz baýramydyr. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Lebap welaýatynda hem bu milli baýrama bagyşlanyp geçirilýän çäreler barha giň gerime eýe bolýar.

Şeýle çäreleriň biri welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramagynda geçirildi. Ilki bilen, bu ýerde Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz – parahatçylygyň we dost-doganlygyň baýramy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Bilim işgärleriniň, medeniýet ulgamynyň we ýaşuly nesliň wekilleriniň, Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň nurana dünýäsiniň bezegine öwrüljek Nowruz baýramy, onuň türkmen halkynyň durmuşynda tutýan möhüm orny, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenip giňden bellenilip geçirilişi barada täsirli çykyşlar diňlenildi.

Soňra bu ýere ýygnananlar muzeýiň 2-nji gatynda Milli bahar baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdylar we bu ýerde sergilenen gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Giň göwrümli sergide ýerleşdirilen milli mirasymyzy şöhlelendirýän amaly-haşam işleri, Nowruz baýramy bilen baglanyşykly, şeýle hem «Bereketli türkmen saçagy» atly ajaýyp eserde görkezilýän milli tagamlar, suratkeşleriň bahar paslynyň gözelliklerini açyp görkezýän işleri sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Häzirki wagtda Nowruz baýramy mynasybetli guralan sergi öz işini dowam edýär.