Ï Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

view-icon 137

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti H.Koinuma hem-de bu assosiasiýa bilen bilelikde iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ozaldan ýola goýlan ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, şeýle hem bu ugurda türkmen bazaryna mümkin bolan täze ýapon kompaniýalaryny we guramalaryny tanyşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda «Tohkemy Corporation» ýapon kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanda suw arassalaýyş tehnologiýalaryny hem-de enjamlaryny ornaşdyrmak boýunça meýilleşdirilýän işler barada pikir alşyldy. Mälim bolşy ýaly, «Tohkemy Corporation» kompaniýasy 2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen hyzmatdaş bolup durýar.

Mundan başga-da, duşuşykda tebigy gazy suwuklandyrylan gaza öwrüp dünýä bazarlaryna çykarmak, şeýle hem suwuklandyrylan gazdan gelium gazynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça Ýaponiýanyň Çubu uniwersitetiniň professorynyň teklip eden taslamasynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň bilim ulgamynda adam maýasyny ösdürmekde Ýaponiýanyň «Asia Seed» guramasynyň hödürleýän hyzmatlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.