Ï Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

view-icon 118
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary hünäriniň II ýyl talyby Maksatmyrat Ýardymow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde 21-nji martda geçirilen «Merkezi Aziýanyň iň oňat talyby» diýen halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Bäsleşigiň eminleri türkmen talybynyň bilimiň, ylmyň hem-de ýaşlar syýasatynyň ösüşine şahsy goşandyna ýokary baha berdiler. Halkara gözden geçirilişiniň netijeleri boýunça Maksatmyrat Ýardymow I derejeli diplom, döşe dakylýan nyşan we ýeňiş kubogy bilen sylaglandy.

Utgaşykly görnüşdäki bäsleşige Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ylym we bilim edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň talyby sebitleýin bäsleşikde onlaýn görnüşde çykyş etdi hem-de bäsleşikde özüniň ynamly we mynasyp ýeňşi netijesinde Merkezi Aziýanyň iň gowy talyplarynyň hataryna girdi.

Çäre Gazagystan Respublikasynyň «Bilim-orkenieti» milli innowasion ylmy-barlag merkezi hem-de «Žana Gazagystan» respublikan innowasion merkezi tarapyndan guraldy.

Türkmen ýaşlarynyň wekilleri dürli halkara bäsleşiklerinde üstünlik gazanýandyklaryny barha işjeň görkezýärler. Biziň talyplarymyzyň ýeňişleri döwletimizde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, ýokary hilli bilim almak, ýaşlaryň ylmy kuwwatyny artdyrmak, olaryň halkara gatnaşyklaryň, öz ýurtlarynyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşynyň ösüşine gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn işleriň ähmiýetini hem-de netijeliligini ýüze çykarýar.