Ï Inklýuziw bilim bermekde mugallym-defektologlaryň orny ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Inklýuziw bilim bermekde mugallym-defektologlaryň orny ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 84
Inklýuziw bilim bermekde mugallym-defektologlaryň orny ara alnyp maslahatlaşyldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli «Ösüşinde aýratynlyklary bolan çagalara bilim bermekde mugallym-defektologlaryň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata mugallymçylyk ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, bejeriş-terbiýeleýiş dikeldiş merkezleriniň hünärmenleri, mekdebe çenli edaralaryň logopedik toparlarynyň terbiýeçileri, logopedler, lukmanlar we beýleki degişli hünärmenler gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahatyň işi plenar mejlisinden we üç sany mowzuklaýyn bölümden ybarat boldy.

Forumyň dowamynda ösüşinde aýratynlyklary bolan çagalara bilim bermegiň nazary we amaly esaslaryna bagyşlanan 50-ä golaý ylmy hasabat diňlenildi. Çykyşlarda häzirki zaman bilim ulgamynda inklýuziw bilimiň mümkinçilikleri, halkara tejribesi, şeýle hem mümkinçilikleri çäkli çagalaryň ösüşine gönükdirilen täze çemeleşmeler seljerildi.

Maslahatyň jemleri boýunça gatnaşyjylar inklýuziw bilimi ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we hünärmen-defektologlary taýýarlamak boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdüler.

Çäräniň ahyrynda geçirilen maslahatyň, onda hödürlenen hasabatlaryň, başlangyçlaryň we hünärmenleriň amaly maslahatlarynyň netijeliligi bellenildi. Bu forumyň gatnaşyjylaryň hünär tejribesini we bilimlerini baýlaşdyrmaga, mümkinçilikleri çäkli çagalar bilen netijeli işleri guramagyň döwrebap usullaryny hem-de inklýuziw bilimi kämilleşdirmegiň täze ýollaryny öwrenmäge uly ýardam edendigi nygtaldy.