Ï Türkmen pedagoglary Nýu-Delide halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen pedagoglary Nýu-Delide halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar

view-icon 111
Türkmen pedagoglary Nýu-Delide halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde ýerleşýän Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEC) okuw maksatnamasynyň çäginde Bilim meýilleşdirilişi we dolandyrylyşy milli institutynyň (NIEPA) 30-njy martdan 10-njy aprel aralygynda geçirýän «Institusional meýilnamalaşdyryş boýunça bilim edaralarynyň ýolbaşçylary üçin halkara maslahat – II tapgyr» («International programme on institutional planning for heads of educational institutions Iteration – II») maslahatyna gatnaşýarlar.

Çäre 16 ýurduň, şol sanda Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Müsüriň, Taýlandyň, Türkmenistanyň, Kolumbiýanyň we beýleki döwletleriň bilim edaralarynyň hünärmenlerini bir ýerde jemledi.

Okuw sapaklary bilimi dolandyrmak pudagynda belli professorlaryň we bilermenleriň ýolbaşçylygynda alnyp barylýar.

Bu sapaklarda interaktiw maslahatlar, toparlaýyn ylmy işler geçirilýär we olarda gatnaşyjylar öz tejribelerini paýlaşyp, bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi üçin döwrebap çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşýarlar.

Maksatnamanyň esasy ylmy-amaly ugurlaryna institusional we strategik meýilleşdirme, ýolbaşçylygyň döwrebap usullary we bilimde dolandyrmak wezipesi, bilimiň hilini üpjün etmekde halkara standartlary, maliýe boýunça meýiller, şeýle-de bilim ulgamyna sanly tehnologiýalary girizmek degişlidir.

Türkmenistanyň wekilleri ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýeten üstünlikleri barada çykyş edýärler we öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenýärler. Bilim tehnologiýalarynyň merkezi institutyna hem-de Milli bilim gözlegleri we okuw geňeşine geçirilen okuw saparlary gatnaşyjylara Hindistanyň bilim ulgamyndaky strategiýasy we tehnologik binýady bilen ýakyndan tanyş bolmaga mümkinçilik döretdi.

Türkmenistanyň wekilleriniň bu halkara maksatnamasyna gatnaşmagy ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynyň halkara derejesinde bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, mugallymlaryň ussatlygyny kämilleşdirmäge, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň täze derejelere ýetirilmegine uly goşant bolar.