Ï Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni mynasybetli bäsleşik geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni mynasybetli bäsleşik geçiriler

view-icon 237
Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni mynasybetli bäsleşik geçiriler

23-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy gününe bagyşlanyp, «Bilelikde okalyň!» atly bäsleşik geçiriler.

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO-nyň kluby hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adynaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Berkararlyk etrap geňeşi bäsleşigiň guramaçylary bolup çykyş edýärler.

Bäsleşigiň esasy maksady ýaşlaryň kitap okamaga, bilimlerini baýlaşdyrmaga bolan höweslerini artdyrmakdan, olaryň gözýetimlerini giňeltmekden, dilewarlyk sungatyny we köpçüligiň öňünde çykyş etmek başarnyklaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Bäsleşik iňlis dilinde geçiriler. Oňa her ýokary okuw mekdepden 3 talyp ýa-da magistrantlar gatnaşyp bilýärler.

Bäsleşigiň çäklerinde talyplara öz islegleri boýunça dünýä edebiýatyna degişli saýlan bir eseriniň tanyşdyrmasy bilen çykyş etmek teklip edilýär.

Bäsleşige gatnaşjaklaryň tanyşdyrmalaryna mazmun, sözleýiş başarnyklary, sözleýişiň grammatiki sowatlylygy, dilewarlyk ussatlygy boýunça baha berler.

Garaşsyz eminler bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlärler. Baş baýraga, I, II we III orunlara mynasyp bolanlar degişli diplomlar we sowgatlar bilen sylaglanarlar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler saýlan eserleri boýunça çykyşlarynyň tekstini çäräniň guramaçylyk toparyna ibermelidirler. Habarlaşmak üçin telefon belgi: +99312266160; elektron salgy: tdimddk@gmail.com.

Bäsleşigiň geçirilmegi Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, ÝUNESKO bilen köp taraply gatnaşyklary ösdürmäge yzygiderli ygrarlydygyny, şeýle hem parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, medeni mirasy goramak, ylmy we bilimi ösdürmek ugrundaky bilelikdäki tagallalaryny ýüze çykarýar.

Şunuň bilen baglylykda, BMG tarapyndan berkidilen halkara seneler aýratyn ähmiýete eýedir. Şol seneleriň hatarynda Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni bardyr. Ol 1995-nji ýylda ÝUNESKO tarapyndan döredilip, okamagy, kitap işini hem-de intellektual eýeçiligi goramagy wagyz etmäge, şeýle hem kitabyň nesilleriň, medeniýetleriň we halklaryň arasyndaky ygtybarly köpri bolup durýandygyny ýatlatmaga hyzmat etmäge gönükdirilendir.