Ï Türkmenistanyň dil öwrediş ýokary okuw mekdebi iňlis dili boýunça V halkara olimpiadasyny kabul eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň dil öwrediş ýokary okuw mekdebi iňlis dili boýunça V halkara olimpiadasyny kabul eder

view-icon 230
Türkmenistanyň dil öwrediş ýokary okuw mekdebi iňlis dili boýunça V halkara olimpiadasyny kabul eder

10-njy aprelde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hünäri dil ugry we hünäri dil ugry däl talyplarynyň arasynda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasynyň dabaraly açylyşy bolar.

Halkara bäsleşigine gatnaşmak üçin dünýäniň 32 ýurdundan ýüzlerçe zehinli talyplardan arzalar gelip gowuşdy. Aprel aýynyň başynda hasaba alnan dalaşgärler deslapky saýlama tapgyryna gatnaşdylar. Onuň netijeleri boýunça iň ýokary bal alan talyplar esasy ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Iňlis dili boýunça V halkara olimpiadasyna dünýäniň 15 ýurdundan 48 sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň 166 sany iň gowy talyby saýlandy. Gatnaşyjylaryň agramly bölegini Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň talyplary düzýär. Şeýle hem bäsleşige Hytaýdan, Belarusdan, Gyrgyzystandan, Germaniýadan, Türkiýeden, Rumyniýadan, Malaýziýadan, Şri-Lankadan, Indoneziýadan, Günorta Koreýadan we ABŞ-dan talyplar gatnaşýarlar.

Olimpiada iki gün dowam eder. Onuň dowamynda gatnaşyjylar iňlis diliniň nazaryýeti we ony ulanmagyň amaly endikleri boýunça özara bäsleşerler.

Hususan-da, bäsleşige gatnaşyjylar 90 minudyň dowamynda iňlis diliniň okalşy, diňleýşi we grammatikasy bilen baglanyşykly 10 sany tabşyrygy ýerine ýetirmeli bolarlar. Ýaryşyň ýeňijileri 17-nji aprelde institutyň saýtynda yglan ediler.

Häzirki wagtda D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda halkara çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, gatnaşyjylar üçin amatly sanly gurşawy döretmek we bäsleşigiň netijeliligini üpjün etmek boýunça taýýarlyk işleri doly tamamlandy.

Olimpiadanyň geçirilmegi zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we goldamaga, ýaşlaryň arasynda daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga hem-de ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini ösdürmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Guramaçylaryň belleýşi ýaly, ýyldan-ýyla bu bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň sany artýar. Halkara bäsleşik ýaşlaryň diňe bir dil bilimi derejesini ýokarlandyrman, eýsem, tejribe alşylmagyna, ýaşlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylmy-bilim hyzmatdaşlygy üçin täze köprüleriň gurulmagyna ýardam berýär.